Sepleriň elýeterliligi

Halkara Gurama azeri žurnalistiniň ölümine alada bildirdi


Metbugat azatlygy boýunça halkara guramasy azerbeýjanly žurnalist Nowruzaly Mamadowuň türmede aradan çykanlygy baradaky habaryň özlerini gaty alada goýandygyny habar berdi.

68 ýaşyndaky tejribeli žurnalist içalyçylykda aýyplanyp 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň kärdeşleri Mamadowa ýöňkelen bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýarlar.

Duşenbe güni türmede aradan çykan Mamadow Azerbeýjanyň pars dilinde gürleýän etniki talyş toparynyň hak-hukuguny gorap çykyş edýän aktiwistlerden biridi.
XS
SM
MD
LG