Sepleriň elýeterliligi

Dmitriý Medwedewe hat bilen ýüzlenildi


MDU-ny gutaranlaryň inisiatiw toparynyň hatynda bellenilişine görä, Orsýetiň ýolbaşçylarynyň häzirki pozisiýasy ýurduň daşary syýasy prinsiplerine ters gelýär.

MDU-ny gutaranlaryň inisiatiw toparynyň hatynda bellenilişine görä, Orsýetiň ýolbaşçylarynyň häzirki pozisiýasy ýurduň daşary syýasy prinsiplerine ters gelýär.

Türkmenistanda tussaglykda saklanýan Boris Şyhmyradowy we Serdar Rahymowy goldap aksiýa geçirýän, Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetini tamamlanlaryň inisiatiwa topary bu sapar Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe hat bilen ýüzlendi.

Türkmenistanda tussaglykda saklanýan Boris Şyhmyradowy we Serdar Rahymowy goldap aksiýa geçirýän, Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetini tamamlanlaryň inisiatiwa topary bu sapar Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe hat bilen ýüzlendi.

Orsýetiň döwlet dumasynyň öňki deputaty we “Gumanitar-syýasy barlaglar boýunça halkara institutyň” müdiri Wýaçeslaw Igrunow “Russkiý Dom” žurnalynyň baş redaktory Aleksandr Krutow, “Moskwanyň Helsinki toparynyň” agzasy we ynsan hukuklaryny goraýjy “Za prawa çeloweka” guramasynyň müdiri Lew Ponomarew, “Rossiýskaýa migrasiýa” žurnalynyň baş redaktory we bir ýerden başga ýere göçýänlere ýardam berýän guramalaryň forumynyň başlygy Lidiýa Grafowa ýaly MDU-nu tamamlan ençeme tanymal syýasatçylar, ynsan hukuklaryny goraýjylar we žurnalistler ýüzlenmä gol çekdiler.

Tussaglykdaky Orsýetiň raýatlary

Gol çekilen bu ýüzlenmede 2002-nji ýylyň aýagynda we 2003-nji ýylyň başynda Türkmenistanda döwlet agdarylyşygynda we S.Nyýazowyň janyna kast edişlikde günälenen we Orsýetiň raýatlary bolan Boris Şyhmyradowy hem-de Serdar Rahymowy goramak we olaryň işini öz şahsy gözegçiligine almak Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewden haýyş edilýär.

Türkmenistanyň öňki Daşary işler ministri B.Şyhmyradow we ýurduň Telewideniýe hem radio gepleşikler komitetiniň öňki başlygy S.Rahymow alty ýyl bäri daşky dünýäden üzňelikde saklanylýar we olaryň nirededigini hat-da ýakyn garyndaşlary hem bilmeýär. Olaryň hat we posylka almakdan mahrumdygy, günä geçişleriň-de olara täsir ýetirmeýänligi, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň we “Halkara Gyzylhaç” guramasynyň olaryň ýanyna goýberilmeýänligi hem bellenilýär.

MDU-ny gutaranlaryň inisiatiw topary Türkmenistandaky syýasy tussaglary goldamak boýunça geçen ýyl hem aksiýa geçiripdi. Emma ýagdaýyň üýtgemänligini we tussaglaryň ykbalynyň henizem nämälim bolup galýanlygyny guramaçylar belleýärler.

Inisitiw toparynyň agzasy Lidiýa Smirnowanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, geçen ýylky aksiýanyň çäginde Orsýet we beýleki daşary ýurt habar beriş serişdelerinde çap bolan maglumatlar köpçüligiň ünsüni çeken hem bolsa, türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç hili reaksiýa bildirilmedi we takyk netijeler bolmady. Şonuň üçin aksiýany gaýtalamak kararyna gelindi.

“Häzirki wagtda Türkmenistandaky syýasy tussaglaryň hossarlary üçin “olar dirimi?” diýen esasy sowal jogapsyz galýar” diýip, Lidiýa Smirnowa belleýär.

Şyhmyradowlaryň maşgala agzalarynyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, olaryň Boris we Konstantin Şyhmyradowlaryň ykbaly barada habar berilmegini sorap, Türkmenistanyň dürli häkimiýet edaralaryna şu çaka çenli ýollan köp sanly ýüzlenmeleri jogapsyz galýar.

Inisiatiw toparyň Orsýetiň prezidentiniň adyna ýollan hata öz goluny goýan Lidiýa Grafowa Türkmenistanda häkimiýetiň çalyşmagy bilen ýagdaýyň üýtgejegine umytlaryň başa barmanlygyny belläp, ýurtda amala aşyrylýan çäreleri bezeg beriji diýip atlandyrdy: “Olaryň saklanýan ýeriniň we ykbalynyň nämälimlikde galmagy gahar-gazap döredýär. Biz has netijeli çäre görüp bilýän bolsak, ony hökman ýerine ýetirerdik, emma häzirki wagtda hat ýazmak we oňa öz golumyzy goýmak – şu günki gün bize ýeke-täk elýeterli çäre bolup durýar”.

Lidiýa Grafowanyň pikirine görä, öz nobatynda Orsýet döwleti öz raýatlaryny goramaga borçly.

MDU-ny gutaranlaryň inisiatiw toparynyň hatynda bellenilişine görä, Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň “pozitiw häsiýetine” zeper ýetirmekden çekinýän Orsýetiň ýolbaşçylarynyň häzirki pozisiýasy D.Medwedewiň “Raýatlarymyz nirede bolsa-da olaryň janyny we mertebesini goramak, esasy wezipämizdir” diýip, hut öz kesgitlän daşary syýasy prinsiplerine ters gelýär.

Halkara borçlar we kanun

Boris Şyhmyradowyň, Serdar Rahymowyň we halkara guramalary tarapyndan syýasy tussaglar diýlip hasap edilýän beýlekileriň gizlin şertlerde saklanmagy, hat-da olaryň diri ýa ölüdigi barada-da anyk habar berilmezligi, halkara kanunlary we Türkmenistanyň öz boýnuna alan halkara borçlarynyň ýerine ýetiriliş nukdaýnazaryndan nä derejede kanuny hereket?

“Bu ynsanyň iň ýönekeý hak-hukuklarynyň wagşylarça depelenmegidir. Beýle hereketleri hiç bir taýdan delillendirip bolmaz” diýip, Lidiýa Grafowa aýtdy.

Öz nobatynda ýuristler türkmen häkimiýetleriniň tussaglaryň ykbalyny ýaşyrmaklarynyň ýurduň öz içerki kanunlaryna-da ters gelýänligini aýdýarlar. Türkmenistanda köp ýyllap aklawçy bolup işlän Timur Misrihanow şeýle diýýär: “Ilkinji nobatda bu Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ters gelýär, sebäbi Baş kanun ähli raýatlaryň hukuklaryna deň güwa geçýär. Ikinjiden, ýurduň “Jenaýat kodeksi” her bir tussagyň nirede saklanýanlygyny garyndaşlaryna habar etmegi talap edýär”.

Timur Misrihanowyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda esasan Owadan depedäki iki tussaghanada saklanýanlaryň ykbaly häkimiýetler tarapyndan ýaşyrylýar. Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri kanuny berjaý edýän bolsalar, olar ähli tussaglaryň saklanýan ýerini garyndaşlaryna mälim etmäge, tussaglaryň görüşmek we hat alyşmak ýaly aragatnaşykda bolmagyny üpjün etmäge borçly diýip, Misrihanow belledi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda ölüm jezasyna gadagançylyk girizilýänçä hat-da ölüm jezasyna höküm edilenleriň-de, garyndaşlary bilen duşuşmak hukugy häkimiýetler tarapyndan gyşarnyksyz üpjün edilýärdi. Turkmenistanyň kanunlaryna görä, häzirki wagtda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilenler öz garyndaşlary bilen ýylda iki gezek duşuşmaga hakly diýip, Timur Misrihanow aýtdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan öz kanun sistemasyny kämilleşdirmek we ony halkara kanunlaryna laýyk getirmek islegini yglan edip gelýär. Bu ugurdan edilen işleriň çäginde hususan-da 2007-nji ýylda Baş kanuna üýtgetmeler girizilipdi. 2009-njy ýylda bolsa, Jenaýat-prosessual kodeksi kabul edildi.
XS
SM
MD
LG