Sepleriň elýeterliligi

Türme sistemasy barada seminar geçirildi


Türkmenistanyň prezidenti ýurduň çinowniklerine türkmen türmelerini halkara ölçegleriň derejesine ýetirmelidigi barada görkezme beripdi.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň çinowniklerine türkmen türmelerini halkara ölçegleriň derejesine ýetirmelidigi barada görkezme beripdi.

18-nji awgustda Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Adam hukuklary we demokratiýa boýunça milli instituty hem-de tehniki hyzmatdaşlyk proýekti boýunça Germaniýanyň jemgyýeti bilen bilelikde Türkmenistanyň IIM hem-de DIM-niň işgärleriniň, şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň ýokary sudynyň, Baş prokuraturasynyň, Adalat Ministrliginiň işgärleriniň, Türkmenistanyň adwokatlar kollegiýasynyň, Döwlet we hukuk institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda penitensiar, ýagny türme sistemasynyň halkara ölçegleri barasynda seminar geçirdi. Ilçihana bu seminara Beýik Britaniýadan üç sany ekspert hem çagyrdy.

Eýse, beýle seminar geçirmekden maksat näme? Türkmenistanyň türme sistemasy halkara ölçeglerine nä derejede laýyk gelýär?

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň sözlerine göra, beýle seminaryň geçirilmegi gutlanmaly ýagdaý. “Sebäbi şonda türkmen türmelerinde işleýän adamlar, welaýat, etrap, hukuk goraýjy edaralar, beýle seminarlarda daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenerler diýen umyt döreýär.” Onuň sözlerine göra, türkmen türmelerindäki şertler halkara ölçeglere laýyk gelmeýär.

Türkmenistanyň prezidenti hem öz çykyşlarynda türkmen türmelerinde bidüzgünçilikleriň, korrupsiýanyň bardygyny aýdyp, ýurduň çinowniklerine türkmen türmelerini halkara ölçegleriň derejesine ýetirmelidigi barada görkezme beripdi.

“Tussag edilenleriň ýaşaýan ýeriniň şertleri, olaryň iýmiti, saglyklaryna seredilişi, posylka, hat almak mümkinçilikleri, arassa howadan dem almak, tussaglara gözegçilik edýänleriň iş ýerleri, kameranyň içiniň ýagty ýa-da garaňkylygy, yssy ýa-da sowukdygy – bularyň hemmesi halkara ölçeglere laýyk bolmaly” diýip Täjigül Begmedowa nygtaýar.

Türkmenistanyň türmesinde oturyp çykan öz adynyň tutulmagyny islemedik ýigit hem türkmen türmeleriniň halkara standartlara asla laýyk gelmeýändigini aýdýar. “Ýok, umuman, laýyk dal. Yzyňdan biri peredaça getirse, az-owlak iýersiň, bolmasa ajyňdan öläýmeli. Büre diýenleri alyp barýar. Bit diýen zat hem adamy iýip barýar. Haltanyň üstünde ýatýarsyň. Eliňde güpbiň bolsa-da alyp gidýärler.”

Türmede oturup gelen bir aýalyň sözlerine göra, türmede tussaglar haly dokaýarlar, ýüň darap, ik egirýärler, palas, keçe edýärler, matras, ýorgan-düşek tikýärler. Emma olara iş haky berilmeýär. “Ýok. Onuň ýaly zat ýok. Gijesi bilen ýatyrman, üç smena işledýärler.”

Maglumatlara göra, türmelerde neşekeşlik hem möwç alýar. Tussaglaryň garyndaşlary tussaglara iýmit geçirenlerinde, şol zatlara gözegçilik edýän adamlara pul berýärler. Pul alanlaryndan soň, olar berlen zady, umuman, barlamaýarlar.

Özbegistanyň adam hukuklary bilen meşgul bolýan «Najot« atly guramasynyň başlygy Haýytbaý Ýakubowyň sözlerine göra, olar Türkmenistanyň türmelerindäki özbegistanly tussaglar barada monitoring geçirýärler.

Daşoguz welaýatynyň golaýyndaky Horezm welaýatynyň Koşkopur etrabyndan Türkmenistanda tussag edilenlere 18 ýyldan 20 ýyla çenli iş kesipdirler. Şolaryn biri Alişer Matkurbanow. Ol Marydaky türmede saklanylýar. Horezmli Atabaý atly adam öz agtygyny görmäge Marynyň türmesine barypdyr.

Atabaý aganyň sözlerine göra, Marydaky türmäniň ýagdaýy gaty ýaramaz bolup, tussaglar bilen görüşmek üçin türmäniň başlyklaryna ýüz tutmak uly problema bolup durýar. Olar baryp, türmedäki öz garyndaşlary bilen görşüp bilmän, boş gaýdyp gelipdirler. Onuň şol ýerden eşiden maglumatyna göra, türmede azyk problemasy möhüm bolup, dürli ýokanç keseller, inçekesel, gijilewük ýaly keseller giňden ýaýrapdyr.

“Türmedäki puly ýok, yzyndan hiç kim gelmeýän, onsoňam, gonşy döwletlerden düşen tussaglaryň ýagdaýy gaty agyr” diýip, Ýakubow aýdýar.

Gonşy respublikalarda nahili?

Gyrgyzystanly garaşsyz žurnalist, adam hukuklaryny göraýjy Saodat Abdubaýewanyň pikirine göra, Merkezi Aziýanyň hiç bir ýurdunyň penitensiar sistemasy halkara ölçeglere laýyk gelmeýär. “Adam hukuklary boýunça halkara guramalar Merkezi Aziýadaky türmeleriň şertlerini gowulandyrmak, tussaglaryň türmedäki hukuklaryny goramak boýunça herket edýarler. Emma Merkezi Aziýada muňa hiç hili şert ýok. Sebäbi türmelerdäki zawod-fabrikler durup galan. Türmelerde iş ýok. Bu ýagdaý türmedäki tussaglaryň ýagdaýyny kynlaşdyryp, olaryň närazyçylygyna getirýär”.

Abdubaýewa entegem türmelerde gynamalaryň dowam edýändigini, türmeler ýapyk bolandan soň, bu ýagdaýlaryň äşgär bolmaýandygyny aýdýar. “Umuman aýtsak, türmeleriň öz ýazylmadyk kanunlary bar.”

Onuň sözlerine göra, Gyrgyzystanda adam hukuklaryny goraýjylar, halkara guramalaryň hem-de ”Gyzyl Ýarymaý” jemgyýetiniň wekilleri türmelere girip, tussaglar bilen duşuşyp bilýärler. “Sebäbi olar türmäniň işgärlerine we tussaglara azyk önümleri, geýim, däri-derman taýdan kömek berýärler.”

Türkmenistanyň türme sistemasynyň halkara ölçeglerine laýyk gelmeýändiginiň sebäplerini Begmedowa öňki režimiň eden-etdiliklerine häzirki hökümetiň ýeterlik baha bermeýändiginde görýär. “Baş kanunyň iş ýüzünde işlemeýändigi, prokuraturanyň gözegçilik wezipesinden ýüz öwrüp, yzarlama wezipesine geçendigi, sud sistemasynyň korrupsiýa batandygy, adwokaturanyň derejesiniň pesdigi, onsoňam, garaşsyz graždan jemgyýetiniň we azat metbugatyn ýokdugyndandyr.”

Begmedowanyň aýtmagyna görä, 2007-nji ýylda täze prezident tarapyndan käbir mümkinçiliklere penjireleriň açylandygyny aýtdy. “Şol sebäpli halkara guramalarda we uly-uly döwletlerde Türkmenistan barada bir umyt peýda bolupdy. Emma bu prosess ýerli problemalar bilen garyşyp, ýatyp galdy. Üstesine halkara guramalar maliýe bähbitlerine gyzyklanyp, özleriniň gysyş görkezmeklerini-de bes etdiler.”

Türkmen türmeleriniň halkara ölçeglere laýyk gelmegi üçin beýle seminarlara diňe ýokary eşelondaky, ýagny öňki prinsipde işleýän işgärleri çagyrman, göni şu işe gatnaşygy bar adamlary çagyrmaly diýip Täjigül Begmedowa nygtaýar.

Onuň sözlerine görä, şeýle seminarlara ýerli türmeleriň işgärlerini welaýat häkimiýetleriniň işgärlerini garaşsyz we halkara žurnalistleri, graždan aktiwistlerini erkin gatnaşdyrmaly. “Beýle seminarlary telewideniýeden açyk bermeli. Ýurda “Gyzyl haç” guramasynyň gelmegine kömek etmeli. Adamlar bolsa, öz hak-hukuklaryny gowy bilmeli we talap etmeli.”
XS
SM
MD
LG