Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlara okamaga päsgelçilik gerekdimi?


Ýaşlar üçin ýurduň öz içinde bilim almaga mümkinçilikleri örän çäkli bolan we indi daşary ýurtlara gitmekde hem kynçylyk döredýän Türkmenistanyň bilimli bolmak isleýän raýatlary näme etmeli?
Ýaşlar üçin ýurduň öz içinde bilim almaga mümkinçilikleri örän çäkli bolan we indi daşary ýurtlara gitmekde hem kynçylyk döredýän Türkmenistanyň bilimli bolmak isleýän raýatlary näme etmeli?

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýän we eýýäm okaýan, emma tomusky kanikulda Türkmenistana baran ýaşlaryň ýüzlerçesi, ýurtdan çykyp bilmän kösenýärler diýip, “Türkmen Inisiatiwasy” guramasy ýazýar.

Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik berilýänligi we olaryň daşary ýurtlara gidýän ähli transport ulaglaryndan düşürilmegi bilen bagly ilkinji wakalar barada iýul aýynda habar berlipdi. Şonda birnäçe Internet saýtlarda çap bolan maglumatlarda raýatlaryň uçarlardan düşürilýänligi aýdylypdy.

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň 18-nji awgustda ýaýradan maglumatynda bellenişine görä, ýurtdan çykarylmaýanlaryň sany gün-günden köpelýär, elinde wizasy we bileti bolan oglan-gyzlaryň ýüzlerçesi ýürtdan goýberilmeýär. Serhetçiler öz hereketlerini şeýle görkezmäniň bardygy bilen düşündirýärler.

Öz nobatynda synçylar şol wakalar Türkmenistandan daşarda okaýanlaryň sanynyň örän kändigini görkezdi diýip belleýärler.

Näme üçin bolanok?

Özüni Akmyrat diýip tanadan Türkmenistanly ýurist, öz oglunyň Belarusyň Döwlet uniwersitetinde okaýanlygyny aýdyp, onuň şu ýyl ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada şeýle gürrüň berdi: “Oglum näçe müňünji bolup ýazylypdyr nobata, nobaty ýetenden soň, oňa migrasiýa gullugy rugsatnama bermän, KNB-den barlandy, bolanok diýdi. Indi şonuň yzyna düşüp, has dolurak barlamakçy, näme üçin bolanok? Her gün 50-100 adamyň reýslerden düşürilýänligini eşidýäris. Olaryň hersine-de bahana tapylýar”.

Emma dörän bu ýagdaý barada ýurtda resmi düşündiriş berilmeýär, türkmen telewideniýesi bolsa, “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň esasy baýlygynyň adamdygyny” gaýtalap gelýär diýip, “Türkmen inisiatiwasy” öz maglumatynda häkimiýetleriň bu hereketiniň adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyna, şeýle-de G.Berdimuhamedowyň hut öz beýannamalaryna ters gelýänligine ünsi çekýär.

Daşary ýurtlarda okamak isleýän raýatlaryň ýurtdan çykmagyna döredilýän päsgelçiligiň sebäplerini we bu ugurdan ýurtda bar bolan düzgünleri anyklamak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine jaň edip, maglumat almak Azatlyk radiosyna başartmady.

Türkmenistnyň raýatlaryna bilim bermek boýunça öz içerki mümkinçilikleri barada aýdylanda, şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 4,275 adam girip biler, ýene 1,698 adam orta hünärmenlik mekdeplerine kabul ediler. Orta mekdebi şu ýyl tamamlanlaryň umumy sany bolsa, 115,000 adam töwereginde.

Okamak isleýänler näme etmeli?

Ýaşlar üçin ýurduň öz içinde bilim almaga mümkinçilikleri örän çäkli bolan we indi daşary ýurtlara gitmekde hem kynçylyk döredýän Türkmenistanyň bilimli bolmak isleýän raýatlary näme etmeli?

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin şeýle diýýär: “Teoriýa taýdan olar ýurtdan çykmak hukugynyň bozulýanlygyndan şikaýat edip, suda yüz tutmaga hakly, emma raýatlaryň döwlet strukturalaryna garşy göreşiniň ýerli sud arkaly tiz netije berjegine garaşmak kyn. Ýöne bu adamlaryň gol gowşuryp oturmalydygyny aňlatmaýar. Olar prezidentiň adyna arza ýazmaly, suda ýüz tutmaly we BMG-nyň dürli komitetlerine şikaýat bilen ýüzlenmeli”.

Farid Tuhbatullin, öz nobatynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem problema üns artdyrylmaly diýip, hasap edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary, esasanam Gyrgyzstan, şeýle-de Orsýet Türkmenistanyň ýaşlarynyň okuwa iň köp barýan ýurtlardyr. Soňky günlerde Türkmenistanda, hususan-da Bişkekdäki Amerikan Uniwersitetinde okaýanlary ýurtdan çykarmazlyk görkezmesiniň güýje girenligini Farid Tuhbatullin aýtdy.

“Ýurtdan çykmak kynçylygy zerarly ýardam sorap, ýüz tutanlar boldumy?” diýen sowala Aşgabatdaky Gyrgyzstanyň we ABŞ-nyň ilçihanalaryndan jogap almak başartmady. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynda bolsa, özlerinde şeýle maglumatlaryň ýokdugyny Azatlyk radiosyna aýtdylar.

Ýurtda bilimi, ylmy ösdürmek we öz raýatlarynyň bilim derejesini galdyrmak maksatlaryny yglan edýän we daşary ýurtlar bilen bu ugurdan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny nygtaýan döwletiň öz raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagyna päsgelçilik döretmegine näme sebäp bolup biler?

“Häkimiýetler köp ýaşlaryň içerki syýasatdan göwni galyp, ýurtdan çykmak isleýänligine göz ýetiren bolmaly. Ýaşlar okamak, işlemek we öz durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ýurtdan çykmaga çalyşýarlar. Hut şu ýagdaý häkimiýetleri gorkuzýan bolmagy ähtimal” diýip, “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri F.Tuhbatullin pikir edýär.
XS
SM
MD
LG