Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dostumyň dolanmagy alada döredýär


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý (sagda) bilen general Abdul Reşit Dostum, 2002-njy ýylyň mart aýy.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý (sagda) bilen general Abdul Reşit Dostum, 2002-njy ýylyň mart aýy.

Owganystanda 20-nji awgustda geçiriljek prezident we regional saýlawlaryň öňüsyrasynda ýurduň ady belli uruş serkerdeleriniň biri bosgundan dolanyp geldi.

General Abdul Reşit Dostumyň Owganystana dolanmagy, bir tarapdan etniki özbekleriň göwnüni göterse, ikinji tarapdan iş başyndaky prezident Hamit Karzaýyň gaýtadan saýlanmak mümkinçiligini köpeltdi.

Emma Dostumyň Türkiýä bosgunçylyga çykmagyna getiren aýyplamalar onuň giňden belli hukuk bozmlary, şol sanda talyban tussaglaryny gynandygy baradaky bildirilýän günäler saklanyp galýar. Onsoň bu ýagdaý Karzaýyň geljekki hökümetinde uruş serkerdeleriniň we milisiýa liderleriniň agalyk etjegi baradaky aladalary artdyrýar.

Şybyrganyň ilaty bir ýyla golaý bosgunlykda bolup gelen general Abdul Reşit Dostumy öz dogduk şäherinde gahryman hökmünde garşy aldy. Owganystanyň demirgazyk şäherinde 17-nji awgustda on müňe golaý adamyň ýygnanmagyna sebäp bolan dabara 20-nji awgustda geçiriljek prezident we regional saýlawlaryň kampaniýalarynyň soňky gününe gabat geldi.

Dostum özüni goldaýanlaryň öňünde çykyş edip, Türkiýeden Owganystana hemişelik gelendigini aýtdy. Elbetde, bu onuň tarapdarlaryny begendirjekdi. Ýöne Dostumyň tankytçylary we prezident Hamit Karzaýyň garşydaşlary muňa razy däldiler. Olar Dostuma ýöňkelýän hukuk bozulmalaryny tutaryk edinip, Hamit Karzaýyň şeýle şübheli adamlar bilen hem ýaran bolmaga höwesekdigini aýdýarlar.

“Gaý-tupan bilen oýun etmek”

Dostum öz tarapdarlaryna Karzaýa ses bermegi maslahat berdi: “Biz umytly. Biz aýgytly. General Dostum bilen oýun etmek million adam bilen oýun etmekdir. General Dostum bilen oýun etmek gaý-tupan bilen oýun etmekdir. General Dostum bilen oýun etmek hupbatly bolar we gahar-gazap döreder” diýip, Dostum aýtdy.

Dostumyň tarapdarlary biraz öň, eger oňa Türkiýeden dolanyp gelmäge rugsat berilmese, özleriniň saýlawa gatnaşmajakdyklaryny aýdypdylar. Dostum geçen ýyl etniki özbeklerden bolan syýasy bäsdeşi Akbar Baýyň garşysyna eden zorluklary derňelip başlananda, ýurtdan çykmaly bolupdy. Şeýle-de ol iýul aýynda owgan ýolbaşçylarynyň il içindäki meşhurlygy barada ýurt boýunça geçirilen pikir soraşlykda iň pes derejäni alypdy. Ýöne onuň öz tarapdarlarynyň seslerini ugrukdyryp bilmek başarnygy Karzaýyň 20-nji awgustda bir zarbada ýeňmek mümkinçiligini berkidýär.

Saýlawdan öňki pikir soralyşyklar saýlawçylaryň 45 prosente golaýynyň Karzaýa ses berjegini görkezýär. Ýöne birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin sesleriň 51 prosentini almaly. Şeýle ýagdaýda Dostumyň goldawy aňsat ýeňiş üçin bir möhüm açar bolup biljek. Dostum 2004-nji ýylda geçen prezident saýlawlarynda Karzaý bilen bäsleşip, 800 müň çemesi saýlawçynyň sesini alypdy.

Has uly syýasy rola ymtylyş

Dostum Şybyrganda öz tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda indiden eýläk has uly syýasy rola ymtylýandygyny aýan etdi: “Enşalla, biz Owganystanda alty ýyl wagt içinde ulaljak hem güýçlenjek bir partiýa dörederis. Bu partiýa siziň talaplaryňyza jogap berip biler ýaly bolar. Siz we siziň şehitleriňiz muňa mynasyp” diýip, Dostum aýtdy.

Ozalky kommunist general 1990-njy ýyllaryň ortasyndaky graždanlyk urşunyň dürli öwrümlerinde gaýta-gaýta o tarapdan bu tarapa geçdi. Ol 1998-nji ýylda, Talyban demirgazykdaky berkitmesini basyp alandan soň, ýurt aşyp gitmäge mejbur boldy. Ýöne Dostum soň Owganystana dolanyp geldi we 2001-nji ýylyň aýagynda talyban režiminiň ýykylmagyna öz goşandyny goşdy. Emma ol köp sanly hukuk bozmalarda, şol sanda talyban tussaglaryny gyrmakda aýyplandy.

Dostumyň 16-njy awgustda Türkiýeden Kabula dolanyp gelmegi Günbataryň göwnüne ýakmady: “Biz şu günki Owganystanda jenap Dostumyň rolunyň perspektiwasy baradaky çynlakaý aladamyzy owgan hökümetine aýan etdik” diýip, Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasynyň 17-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Emma Karzaýyň sözçüsi Siamak Herawi Dostumyň öz “daşary ýurt syýahatyndan” dolanmaga doly haklydygyny we hatda oňa prezident edarasyndaky hormatly harby wezipesiniň hem gaýtarylyp beriljekdigini aýdýar. “General Abdul Reşit Dostum bilen Akbar Baýyň arasyndaky dawa demirgazyk regionyň ýaşululary tarapyndan çözüldi. Bu dawa 10 aý mundan ozal çözüldi we bu iş boýunça derňew geçirilmeýär” diýip, prezidentiň sözçüsi Herawi aýtdy. Şeýle-de ol Owganystanyň prezidentinıň ony öz wezipesinde dikeldendigıni sözüniň üstüne goşdy.

Karzaýyň garşydaşlary bu wakany prezidentiň häkimiýetde galmak üçin her zat etmäge taýýarlygynyň alamaty hasaplaýarlar.

“Hamit Karzaýyň häkimiýetde galmak üçin gümürtik şahsyýetler bilen baş goşýandygy gizlin bir zat däl. Emma ol owgan halkynyň öz hapa syýasatlaryna düşünýändigine we şol şahsyýetlerden gorkup ýaşamak islemeýändigine göz ýetirmelidir” diýip, prezidentlige kanditat Aşraf Gani 18-nji awgustda çap eden beýnatynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG