Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan hökümeti metbugat azatlygyna çagyrylýar


Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri saýlaw mahalay bidüzgünçilikler hakynda maglumat bermeli däl diýen karyny yzyna almaga BMG owgan hökümetini çagyrýar.

Kabulyň bu baradaky kararyny halkara we owgan žurnalistleri tankyt edip gelýärler.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Ahmad Zahir Fakir, bu karary ýerine ýetirmedik ýerli habar agentlikleriň edaralarynyň ýapyljakdygyny we daşary ýurt žurnalistleriň ýurtdan çykaryljakdygyny aýtdy.

ABŞ-da Ak tamyň wekili Robert Gibbs, «Bu karar bilen bagly biz öz aladalarymyzy beýan etdik, žurnalistleriň erkin hereket etmelidigine ynaýarys» diýdi.
XS
SM
MD
LG