Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Demirgazyk Kawkazy elden giderýärmi?


19-njy awgustda Orsýetiň prezidenti D.Medwedew Demirgazyk Kawkazda has radikal çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

19-njy awgustda Orsýetiň prezidenti D.Medwedew Demirgazyk Kawkazda has radikal çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky soňky ganly hüjümler Moskwa bu sebitiň üstünden kontrollygy ýitirýär diýen myş-myşlary artdyrdy. Beýle wakalar Orsýet Demirgazyk Kawkazy elden giderýärmi diýen soragyň orta atylmagyna sebäp bolýar.

Köp ýyllardan bäri her gün diýen ýaly bu sebitde ganly wakalaryň bolup geçýänligi habar berlip gelinýär, ýöne Inguşystanda duşenbe gün bolan hüjüm has aýylgançdy we ol häkimiýetleri hut serpmeden gaýdana dönderdi. Nazrandaky polisiýa bölümine edilen hüjümde azyndan 21 adam ölüp, 130-dan gowragy ýaralandy.

Şondan bir gün soňra Dagystanda ýoluň gyrasynda ýerleşdirilen bomba partlanda-da, bir polisiýa ofiseri öldi we üçüsi ýaralandy. 18-nji awgustda Dagystanda şular ýaly hüjümde ýene-de 4 adam ýaralandy.

19-njy awgustda Orsýetiň prezidenti D.Medwedew, şeýle ýagdaýlardan soňra Demirgazyk Kawkazda has radikal çäreleriň görülmelidigini aýtdy. “Olar büs-bütin ýok edilmedik ýagdaýynda biz ýeňiş gazanyp bilemeris” diýip, Medwedow ýörite nygtady.

Hüjümler bolsa sebitde dartgynlylygyň ösýändigine şaýatlyk edýär. Moskwa Demirgazyk Kawkazyň üstünden kontrollygyny elden berýärmi diýen gürrüň-de gün-günden güýçlenýär.

Inguşystanyň prezidenti Ýunus Bek Ýewkurowyň wekili Kaloi Akhilgow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň rus gullugy bilen söhbetdeşlikde 2004-nji ýyldan bäri munuň iň güýçli hüjüm bolandygyny aýtdy. “Bu terrorçylykly hereket, dogurdanam, sebitiň daşyndaky güýçler tarapyndan alnyp barlan, ol hatda kyn ýer diýilýän Inguşytandan hem daşarda planlaşdyrylan bolmaly.”

Medwedew ýerli polisiýany aýyplady

Orsýetiň prezidenti Medwedew bolsa, ýerli polisiýa işgärlerini iş başarmazlykda aýyplady. “Bu terroristik hüjümiň öňüni almalydy. Hüjümde peýdalanylan maşynyň ogurlanan awto-ulagdygy habar berildi, umuman, bu ýagdaýy kabul edip bolmaz, polisiýa adamlary goramaly, polisiýa özüni goramagy başarmaly.”

Medwedew Inguşystanyň Içeri işler ministrini wezipesinden boşatdy we bu ýerdäki polisiýa güýçleriniň düzümini täzeledi, ýöne ekspertler Kremliň bu çäresi kömek däl-de, gaýta ýagdaýyň has erbetleşmegine elter diýýärler.

Geçen birnäçe ýylyň dowamynda Moskwa Inguşystana müňlerçe esger iberdi. Bikanun tutha-tutluklar, ýerli ilatyň urlup-ýenjilmegi, hatda öldürilmegi, harbylar we polisiýa güýçleri tarapyndan bu işe dahyly barlykda ekstremistleriň aýplanmagy ýerli ilatyň arasynda duşmançylygyň artmagyna sebäp bolýar diýip, tankytçylar aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde sebitde höküm sürýän garyplyk we ýerli häkimiýetleriň korrupsiýa batmagy regionda durnuklylygyň üpjün edilmegine bar bolan umytlary-da puja çykarýar diýip, tankytçylar ýörite belleýärler.

Gürjüstan-Osetiýa graždan forumynyň aktiwisti Jebraýyl Gabaçiýew Orsýetiň Kawkazdaky syýasatynyň anyk däldigini aýdýar. Ol Azatlyk radiosynyň rus gullugy bilen söhbetdeşlikde soňky ganly hüjümiň sebäbkäri Orsýetiň sebiti dogry dolandyryp bilmänýänliginden diýdi. “Orsýetiň Kawkazdaky syýasaty anyk hem dostlukly däl, Kawkaz halklary iki zat islelýärler: birisi, adlat, beýlekisi bolsa, buýsançlaryna dil ýetirilmezligi.”

Moskwada rus syýasatçylary bolsa, bidüzgünçiliklerde eli bar diýip, Günbatary aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG