Sepleriň elýeterliligi

Ahmedijenad kabinet agzalarynyň sanawyny parlamente hödirledi


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad 21 agzadan ybarat kabinet ministrleriniň sanawyny çarşenbe güni giçlik parlamente hödürledi.

Öňden hem garaşylşy ýaly, şol sanawda, Daşary işler ministri Manuçer Mottakiniň ady ýene Daşary işler ministrligi wezipesi üçin teklip edilipdir.

Ilkinji gezek üç zenanyň ady hem sanawa goşulypdyr. Eger bu teklip parlament tarapyndan tassyklansa, olar Bilim, Saglyk we Sosial işleri boýunça ministri wezipelerine bellenerler.

Şeýle-de olaryň ady tassyklanan ýagdaýynda, Eýran Yslam rewolusiýasyndan soňra, zenanlara ministr hökmünde wezipe beriljek ilkinji pursat bolar.

Iýunda geçen dartgynly saylawdan soňra, bu sanawa ady goşulan käbir adamlar barada ylalaşmazlygyň ýüze çykmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Parlamentiň spikeriniň orunbasary Mohammad Reza Bahonaryň aýtmagyna görä, hödürlenen adamlardan azyndan 5 kandidatiň parlament tarapyndan ret edilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG