Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 10 harby ofiser tussag edildi


Bagdatda bolan partlamalardan soňra, howpsuzlyk çärelerini artdyrmak üçin hökümet tarapyndan görülýän aladalaryň çäginde 10 sany ýokary derejeli harby ofiser tussag edilipdir.

Düýnki bolan şol partlamalar we hüjümlerde azyndan 95 adam heläk bolup, ýüzlerçesiniň ýaralananlygy aýdylýar.

Yrak goşunynyň metbugat wekillerinden general-maýor Kasim Attanyň aýtmagyna görä, şol ofiserler häzir sorag edilýär.

Bagdatda şü günki bolan partlamalarda 2 adam ölüp 10 adam ýaralanypdyr. Yrakly ýolbaşçylar bu hüjümleriň aňyrsynda Al-Kaýda toparynyň we Yragyň öňki lideri Saddam Husseýiniň tarapdarlarynyň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG