Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda prezidentlik we welaýat geňeşlikleri boýunça saýlawlar geçirildi


Owganystanda şu gün prezidentlik we welaýat geňeşlikleri boýunça saylawlar geçirildi. Talyplar bolsa bu çärelere päsgelçilik döretjekdiklerini aýdyp haýbat atýarlar.

Ses berlişik çäreleri başlanandan soň, ýurduň käbir böleklerinde, şol sanda paýtagt Kabulda kiçi göwrümli dartgynlygyň bolanlygy barada maglumatlar gowuşdy.

Emma BMG-nyň Kabuldaky missiýasynyň metbugat wekili Alem Syddykynyň aýtmagyna görä, saylawlara gatnaşyjylaryň sany “örän guwandyryjydyr”.

2001-nji ýylda Talyplaryň režimi agdarylandan bäri hökümeti dolandyryp gelýän Karzaýyň bu saýlawlarda öňde barýanlygy aýdylýar.

Öňki maliýe ministri Aşraf Gani we öňki Daşari işler ministri Abdullanyň bolsa onuň esasy bäsdeşleridigi bellenýär.
XS
SM
MD
LG