Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly gepleşdiler


Türkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň 20-nji awgustdaky habaryna görä, Türkmenistanyň we Orsýet Federasiýasynyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Dmitriý Medwedew telefon arkaly gepleşdiler. Türkmen lideri, Orsýetde ýüz berýän tragiki ýagdaýlara, şol sanda adam pidalaryna öz gynanjyny bildirip, gerek bolan ýagdaýynda rus halkyna kömek bermäge taýýardygyny yglan edipdir.

Orsýetiň prezidenti Medwedew, raýdaşlygy we hemaýaty üçin Berdimuhamedowa minnetdarlygyny bildiripdir hem-de iki taraplaýyn oňat gatnaşyklara we goňşuçylyga gowy baha beripdir.
XS
SM
MD
LG