Sepleriň elýeterliligi

Günbatar döwletleri Owganystandaky saýlawlara ýokary baha berdiler


Talyplaryň atan haýbatyna garamazdan demokratiýanyň ýeňişi diýip, Günbatar döwletleri Owganystandaky saýlawlara ýokary baha berdiler.

Amerikan prezidenti Barak Obama, Owganystanda prezidentlige we ýerli geňeşe saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigini aýtdy. “Biz Owganystandaky basyşlarymyzy artdyrmagy dowam etdirýäris, Talyplaryň oňa böwet döretmäge synanşandygyna garamazdan, saýlawlar üstünlikli geçirlene meňzeýär.”


NATO ýaranlygynyň baş sekretary Andres Fogh Rasmusen, “2-nji gezek prezidentlige geçirlen saýlawlar, owgan halkynyň demokratiýany dikletmek ugrundaky tagallasyny görkezýär” diýdi. Ol şeýle-de haýbatlara garamazdan ses bermäge batyrgaýlyk bilen gatnaşan owgan halkyna ýokary baha berdi.

Düýnki saýlawlardaky bidüzgünçiliklerde howpsuzlyk güýçlerinden hem-de parahat ilatdan 26-sy öldi, atyşyklarda bolsa 20-den gowrak gozgalaňçy talybyň heläk bolandygy habar berildi.
Saýlawlaryň doly netijesiniň sentýabrda yglan edilerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG