Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň ýadro programmasy gün tertibine getiriler


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň mälim etmegine görä, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine hemişelik agza 5 döwlet bilen germaniýaly diplomatlar, 2-nji sentýabrda Eýranyň jedelli ýadro programmasy dogrusynda maslahat ederler. Bu mesele bilen Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen telefon arkaly gepleşipdir.

Geçen aý G.20-leriň maslahatynda, gepleşiklere gaýtadan gatnaşmaga Eýrana sentýabra çenli pursat berilipdi. Muňa razy bolmadyk ýagdaýynda, Tährana köpräk sanksiýalaryň giriziljegi öňe sürüldi.
XS
SM
MD
LG