Sepleriň elýeterliligi

Demir tutynyň soňunyň başlangyjy bolupdy…


1989-njy ýylyň 19-njy awgustynda Awstriýanyň hem Wengriýanyň araçäginde ýerleşýän Sopron şäheriniň golaýynda bir obada Sowet döwründe emele gelen “demir tutynyň” ýok edilmegine getiren waka yüze çykypdy. Düýn, 19-njy awgustda, şol wakanyň 20 ýyllygy mynasybetli ýörite dabara geçirildi.

Wengriýada ýerleşýän, Gündogar Ýewropadaky beýleki adaty oba ýerleri ýaly, bu düz meýdan sowet döwründe emele gelip, Gündogar hem Günbatar Ýewropany ikä bölen demir tutynyň ýok edilmegine ýol açan ýer hökmünde taryha girdi. Awstriýa bilen Wengriýanyň araçäginde ýerleşýän bu ýer 20 ýyl mundan ozal Wengriýanyň oppozisiýasy tarapyndan gurnalan “Pan Ýewropa piknigi” atly çäräniň geçirilmegi üçin saýlanyp alnypdy.

Şol döwür Sowet Soýuzynyň lideri Mihail Gorbaçewyň yglan eden aç-açanlyk syýasatynyň çäginde Awstriýanyň hem-de Wengriýanyň häkimiýetleri Sopron şäheriniň golaýyndaky serhedi üç sagatlyk açyp, ýerli ilata biri-biri bilen salamlaşyp, gürleşmäge mümkinçilik döretmek barada ylalaşypdylar.

Emma Wengriýanyň oppozisionerleri bu çäre baradaky habary Günbatar Germaniýanyň käbir raýatlaryna ýetirdiler. Netijede serhet açylan wagtda bu ýere
Awstriýa tarapyna geçenleriň käbiri ýerde oturyp aglaýardy.
ýygnanan ýüzlerçe nemesler pursatdan peýdalanyp, Awsriýa tarapyna geçdiler.

Şol gün serhet goşunyna ýolbaşçylyk eden Arpad Bella bir topar adamyň serhede tarap gelýändigini görüp, näme etjegini bilmän, ot açyp-açmazlyk babatda bir näçe minut oýlanyp durandygyny Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Soňra bolsa özüniň esgerlik borjundan wyždanynyň ýokary çykandygyny aýdyp, adamlara serhetden geçmäge päsgelçilik döretmändigini ol gürrüň berdi.

“Serhediň beýleki tarapynda haýran galdyryjy zatlar bolup geçýärdi. Awstiýa tarapyna geçenleriň käbiri bir ýerde durman, başagaýlykda ylgamagyny dowam etse, beýlekileri serhetden aşan badyna ýerde oturyp ýa aglaýardylar, ýa-da gülýärdiler. Şeýdip, adamlar dürli usullar bilen öz duýgularyny bildirýärdiler” diýip Arpad Bella aýdýar.

“Azatlyga, erkinlige hoş geldiň!”

Bu wakalara gatnaşan Dietmar Poguntke şol döwürde Gündogar Germaniýanyň ýaşaýjysy, 26 ýaşly studentdi. Ol bu waka barada bize şeýle gürrüň berdi: “Men serhetden geçenimde, ol ýerde duran Awsriýanyň bir raýaty “Azatlyga, erkinlige hoş geldiň!” diýen sözler bilen meni garşy aldy. Men muňa ynanyp bilmedim. Men erkinlige çykmak üçin birnäçe diwardan geçmeli bolaryn diýip, pikir edýärdim.”

19-njy awgustda bu wakanyň 20 ýyllygy bilen bagly Sopron şäheriniň golaýynda geçirilen resmi dabara Wengriýanyň prezidenti Lazlo Solýom, bu ýurduň premýer-ministri Gordon Bajnai hem de Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýaly ýokary derejeli resmiler gatnaşdylar.

"Gorbaçew üçin synag boldy"

Öňki Sowet Soýuzynyň lideri Mihail Gorbaçew.
1989-njy ýylda Wengriýanyň premýer-ministri bolan Miklos Nemethyň aýtmagyna görä, şol waka Gorbaçew üçin hem gaty möhüm synag boldy. “Ýagny Mihail Gorbaçew serhetden geçýän adamlary togtatmak üçin ýarag ulanmajakdygyna söz beripdi. Şol wakada hem Gorbaçew öz sözüniň eýesidigini dünýä subut etdi” diýip, Miklos Nemeth bize gürrüň berdi.

Şol wakadan soň Sopron şäheriniň golaýynda bu iki ýurduň arasyndaky serhet 11-nji sentýabrdan 7 oktýabra çenli açylyp, 50 müňden gowrak adama Awstriýa tarapyna bosup geçmäge mümkinçilik döretdi. Sowet Soýuzy hem bu waka goşulyşman, diňe daşyndan syn etdi.

Takmynan iki aý wagt geçenden soň bolsa, Günbatar Germaniýany Kommunistik Gündogar Germaniýadan bölen Berlin diwary ýykyldy. Germaniýanyň şol döwürdäki kansleri Helmut Köl, Berliniň Brandenburg diwary bilen bagly wakanyň ýüze çykmagyna Wengriýanyň Sopron şäherinde bolan wakanyň itergi berendigini aýdypdy.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildt 19-njy awgustda öz resmi interenet blogunda çap eden maglumatynda 20 ýyl mundan ozal Sopron şäheriniň golaýynda bolan wakalar barada şeýle ýazdy: “Bu bolan waka ägirt uly gyzyklanma döredip, köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu waka 9-njy noýabrda Berlin diwary ýykylyp, bir ýyldan az wagtyň içinde emeli usul bilen döredilen GDR döwletiniň dargamagyna getiren prosesiň başlangyjy boldy”.
XS
SM
MD
LG