Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň Ykdysady ösüş ministri wezipesinden boşadyldy


Gürjüstanyň premýer-ministri Nika Gilauri Ykdysady ösüş ministri Laşa Žwanýany şü gün wezipesinden boşatdy. Ol bu barada eden çykyşynda ady agzalýan ministriň alyp barýan işinden özüniň razy däldigini we şonuň üçin onuň wezipesini terk etmegini isleýänligini aýtdy.

Gilauri bu barada eden çykyşynda, bu ministrligiň daşary ýurtly maýa goýujylar bilen işleşmegi başarmaýanlygyny, beýleki ministrlikler bilen ýeterlik hyzmatdaşlyk etmeýänligini, hususylaşdyrmak prosessinden gelýän girdeýjisiniň hem aşa ujypsyzdygyny aýtdy.

Žwanýa bu aýplamalary ret edip, özüniň premýer-ministri bilen ýüze çykan ylalaşmazlyk zerarly wezipesinden çekilenligini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG