Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protest gurnan toparyň ýolbaşçylarynyň tussag edilmegi talap edildi


Eýranyň ýokary derejeli ruhany ýolbaşçylaryndan biri iýun aýynda geçirilen saýlawlardan soňra protest gurnan toparyň liderleriniň tussag edilmegini isledi.

Esasy kanuny goraýjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Aýatulla Ahmad Jannati, bu pikirini Juma namazynda eden çykyşynda sud ýolbaşçylaryna ýüzlenip aýtdy.

Ol aýratynam bu meseleler bilen bagly käbir adamlaryň tussag edilip, käbirleriniň tussag edilmänligini belläp, näme üçin olaryň liderleri tussag edilmedi diýip sorag berdi.

Jannati 12-nji iýunda geçirilen saýlawlary Ahmedinejadyň gazanmagy üçin, onuň galplaşdyrylanlygyny öňe süren oppozision liderleri Mehdi Karrubi ýa-da Mir Hussain Musawiniň atlaryny agzamady.
XS
SM
MD
LG