Sepleriň elýeterliligi

Groznyda bolan partlamalarda 4 adam heläk boldy


Çeçenistanyň paýtagty Groznyda janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrlan partlamalarda howpsuzlyk güýçleriniň 4 işgäri heläk boldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň metbugat wekili Aleksi Zemeskowyň aýtmagyna görä, şol hüjümlerde 4 esger hem ýaralanypdyr.

Ol aýratynam janyndan geçen iki bombaçynyň bu wakany Groznynyň iki aýry etrabynda amala aşyranlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG