Sepleriň elýeterliligi

Yslam ýurtlarynda Remezan aýy başlanýar


Kabuldaky Eid Gah metjidi.

Kabuldaky Eid Gah metjidi.

Şu ýyl Remezan aýy tomus paslyna gabat geldi. Howanyň yssylygynyň üstesine günüň uzynlygy-da, agyzlaryny bekleýänlere ýeňil düşmez diýilýär. Şeýle şertlerde daňdandan başlap, tä gün batynça uzak günläp iýmek-içmekden saklanýan musulmanlaryň saglyk ýagdaýyna-da üns berilýär.

Saglyk meselesi bilen iş salyşýan bilermenler we ruhanylar şu ýyl tomus paslyna gabat gelen oraza aýynda dindarlaryň iýmek-içmekden saklanmaklarynyň olaryň saglyk ýagdaýyna ýetirip biljek täsiri dogrusynda käbir aladalaryny beýan edýärler. Ýöne 14 ýaşly Aman Rowşenow diýen gyrgyz ýetginjegi muny asla alada edinenok.

«Men 8-nji klas okuwçysy, adym Aman, ertir oraza aýy başlanýar, agzymy beklemekçi, 5 ýyldan bäri her ýyl agzymy bekläp gelýärin. Ol meniň saglygyma oňaýsyz täsir ýetirenok, atam-da muňa garşy däl, agyz beklemgi gowy görýärin. Ol meniň saglygyma hem ruhy ýagdaýyma peýdaly» diýip, Aman aýdýar.

Ýöne, muňa garamazdan, lukmanlar dindarlary oraza aýynda öz saglyklaryna seresaply çemeleşmäge çagyrýarlar.

Oraza aýy Merkezi Aziýada 20-nji awgustda başlandy. Eýranda we Liwanda 21-nji, ABŞ-da bolsa, 22-nji awgustda başlanýar. Ýöne tomsuň jokrama yssy howasy bir ýa-da iki günde üýtgemez. Şonuň üçin doktorlar bu meslede öz aladalaryny bildirýärler.

Lukmanyň pikiri

Gyrgyzystanly lukman Ramis Usenbekow Azatlyk radiosyna bu baradaky aladasyny şeýle beýan etdi: «Saglygy saklaýyş nukdaýnazaryndan agyz beklemegiň köp peýdasy bar, ýöne anyk bir kesele ýolugan adama onuň zyýany bolmagy-da mümkin. Üstesine häzirki yssy howa-da uly mesele, yssy howada adamyň bedeni tiz tebsiräp, oňa çalt suw gerek bolýar» diýip, gyrgyzystanly lukman aýdýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Saglygy saklaýyş ministrliginiň ýokary derejeli işgäri Ali bin Şakar öz döwletinde adamlaryň saglykly agyz beklemelerine üns berilýändigini öňe sürdi: «Biz ýörite saglyk tälim-terbiýesini öwredýän bölümi ýola goýduk, adamlar oraza aýy gelip, oňa goşulyp bilerler, bu ýyl oraza aýy yssy howa gabat geldi, gün bolsa uzyn, şoňa görä-de, biz adamlaryň bu barada tälim-terbiýe edinmegine köp üns berýäris» diýip, bu lukman nygtady. Ol, şeýle-de, agyz beklemezden öň we agyz açylan mahaly iýiljek iýmitlere gaty üns berilmelidigini-de sözüne goşdy.

Tatarystanyň paýtagty Gazandan doktor Ildar Tuhwatullin agyz açylan mahaly iýiljek zatlara has üns berilmelidigini ýörite belleýär: «Agyz beklenemzden öň we agyz açylan mahaly aşa köp iýmitlenmeli däl ýa-da aşgazana zyýan ýetirjek zatlary iýmekden saklanmaly, şeýle edilen ýagdaýynda oraza olara peýdaly bolar, ylaýta-da hurma, injir, guş we balyk - ýeňillik bilen siňýär, üstesine gazly suw içmek hem maslahat berilmeýär» diýip, Tatarystanly wraç aýdýar.

Kimler borçly däl?

Owganystanly molla Mustafa Fedai Yslam dini käbir pursatlarda, mysal üçin, akyly çaşanlara agyz beklemezlige rugsat berýär diýdi. Tatar mollasy Ildus Faiz bolsa, syrkaw adamlaryň agyz beklemekleriniň peýdaly bolmajagyny aýdýar. Yrakly ahun Ali al Jubouri mysapyr we syrkaw adamlaryň agyz beklemezligine Yslamyň rugsat berýändigini aýtdy.

Saglygy saklaýyş boýunça bilermenler bu ýyl haj möwsüminde Saud Arabystanda köp adama ýokuşyp biljek doňuz dümewine-de ünsi çekip, bu babatda aladalaryny beýan edýärler. Dünýä Saglyk Guramasy Eýranda doňuz dümewi bilen kesellän 144 adamynyň gylla ýarynyň bu infeksiýany Arabystandan getirendigini aýdýarlar. Mekkä zyýarata baran müsürli bir aýal bolsa, ýurduna dolanyp gelensoň, 19-njy iýulda doňuz dümewi zerarly aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG