Sepleriň elýeterliligi

Ukraina garaşsyzlyk gününi belleýär


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko, halka ýüzlenip eden çykyşynda olary ýurduň garaşsyzlyk gününi bellemäge çagyrdy.

Ol eden çykyşynda Ukrainanyň Ýewropa maşgalasyna girýän erkin ýurtlaryň hataryna goşulmaga gaty ýakynlaşanlygyny aýtdy.

Ýuşenko aýratynam Ukrainalylary agzbybir bolmaga çagyryp, olary biri birinden aýrmaga hiç kimiň güýjüniň ýetmejegini hem nygtady.

Onuň bu çykyşy Kiýewyň NATO guramasyna goşulmagyna garşy çykýan Russiýa jogap hökminde ýaňlandy.

Şeýle-de bu dabara bilen bagly Kiýewde şu gün harby parad hem geçirildi.

XS
SM
MD
LG