Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda 7 gozgalaňçy tussag edildi


Päkistanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, bu ýurduň iň uly şäheri bolan Karaçide uly göwrümli hüjüm amala aşyrmagy planlaşdyrýan we Al-Kaýda topary bilen baglanşygy bolanlykda gümän edilýän bir toparyň 7 agzasy tussag edilipdir.

Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, ady agzalýan söweşijiler Laşkar-I-Jahangwy toparynyň agzasy bolup, olar Karaçide hökümet edaralaryna we ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylaryna hüjüm etmegi planlaşdyrýar eken.

Laşkar-I-Jahangwy mundan ozal hem ençeme hüjümleri amala aşyranlykda, şol sanda öňki prezident General Perwez Muşarrafyň iki gezek janyna kast etmäge synanyşykda, şeýle-de Wall Street Journal gazetiniň habarçysyny öldürenlikde aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG