Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň PM-i Ýewropa sapar edýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netenýahu şu gün dört günlük resmi sapar bilen Ýewropa barýar. Onuň ýewropaly wekiller bilen geçirjek duşuşyklarynda umuman Ysraýlyň Palastinada ýewreýleriň täze ýaşaýş jaýlaryny gurmak meselesi barada pikir alyşmagyna garaşylýar.

Netnýahu Londonda Britanýanyň premýer-ministri Gordon Brown we ABŞ-nyň ýakyn gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mişel bilen duşuşar.

Çarşenbe güni bolsa onuň Germanýa sapar edip, şol ýerde kansler Angela Merkel bilen pikir alyşmagyna garaşylýar.

Waşington Palastinanyň Iýurdan derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýän regionunda täze ýewreý ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy bes etmeginiň, Palastina bilen Ysraýylyň arasynda parahatçylyk boýunça gepleşikleriň gaýtadan başlanmagyna badalga berip biljekdigini aýdyp gelýär.

Germanýa bilen Britanýa hem ABŞ-nyň bu talabyny goldaýan ýurtlardyr. Netenyahunyň ýewropaly ýolbaşçylar bilen geçirjek duşuşyklarynda Eýranyň ýadro programasy barada hem pikir alyşylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG