Sepleriň elýeterliligi

Afinada başlan ýangyn heniz hem howp abandyrýar


Gresiýanyň paýtagty Afinanyň demirgazyk sebitlerinde ýerleşýän müňlerçe ýaşaýjy, tokaýda başlan ýangyn zerarly gijäni öýlerinden uzakda geçiripdirler.

Azyndan alty bölek uly ýangyna heniz hem kontrolluk edilmänligi we güýçli şemalyň ody güýçlendirýändigi aýdylýar. Gresýaly resmileriň aýtmagyna görä, ot Atinanyň demirgazyk etraplaryna henizem howp abandyrýar.

Gresýanyň premýer-ministri Kostas Karamanlis, hepdäniň ahyrynda başlanan bu ýangyna kontrol etmekligiň henizem kyndygyny mälim etdi.

Aýdylşyna görä ýekşenbe güni aýry-aýry 90 ýerde ýangyn başlapdyr.
XS
SM
MD
LG