Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guantanamadyky iň ýaş tussag boşadyldy


Guantanamadyky amerikan türkmesiniň iň ýaş tussagy azatlyga çykaryldy hem Owganystana ugradyldy - diýip, onuň aklawçylary habar beripdir.

Muhammet Jawad ýedi ýyl mundan öň iki amerikan harbysyna we olaryň dilmajyna Kabulda granat zyňmakda hem olary ýaralamakda aýyplanypdyr. Şol wagt ol on iki ýaşynda eken.

Onuň günäsini boýun alyp beren düşündirişlerini sudýa soň kabul etmändir hem ruhy gysyşlar, ölüm bilen gorkuzmak, başgaça aýdylanda, gynamalar arkaly günäniň boýun aldyrylandygyny belläpdir.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 2010-njy ýylyň ýanwar aýynyň ortalaryna çenli Guantanamo türmesini ýapmaga söz berdi.
XS
SM
MD
LG