Sepleriň elýeterliligi

MRE-niň sorag edişlikleri baradaky maglumatlar derňelýär


ABŞ-nyň Adalat ministrligi terrorizmde güman edilýän tussaglaryň Merkezi Razwedka Edarasynyň işgärleri tarapyndan sorag edilende, olara gazaply daralandygy baradaky maglumatlary barlamaga girişipdir.

Giň möçberde barlaglar geçirmäge zerurlyk barmy? Bu meseläni baş prokuraturanyň ýokary derejeli wekili Jon Dýurhem anyklamaly.

Sorag wagty Merkezi Razwedka Edarasynyň işgärleriniň gazaply usullary ulanandygy baradaky doklad çap edilenden bir gün soň barlaglaryň başlanýandygy yglan edildi.

Şol bir wagtyň özünde terrorizmde güman edilýänleri sorag etmek üçin ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň täze bölüm döredendigi belli boldy. Ol gös-göni Ak tamyň gözegçiligi astynda iş alyp barar.
XS
SM
MD
LG