Sepleriň elýeterliligi

Wladimir Putin Çeçenistana bardy


Orsyetiň premýer-ministri Wladmir Putin garaşylmadyk ýagdaýda Çeçenistana baryp, prezident Ramzan Kadyrow bilen duşuşypdyr. Regionyň sosial-ykdysady ýagdaýy hem işsizlik problemasy barasynda gürrün edilipdir.

W. Putin Çeçenistanyň öňki prezidenti Ahmad Kadyrowyň guburyna gül dessesini goýupdyr. Ahmet Kadyrow 2004-nji ýylyň maýynda bomba partlamasynda heläk bolupdy.

Putiniň bu sapary Demirgazyk Kawkaz regionynda zorluklaryň artýan döwrüne gabat geldi. Hepdäniň anna güni Çeçenistanda bolan iki partlamada 4 polisiýa işgäri heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG