Sepleriň elýeterliligi

Lebap welaýatynda keselhana gurlar


Lebap welaýatynda täze döredilen Döwletli etrabynda 50 orunlyk keselhana hem saglyk öýi gurlar. Bu barasyndaky degişli karara hökümet maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti gol çekdi - diýip, “Türkmenistan ru” internet gazeti ýazýar.

Binalaryň gurluşygyny Germaniýanyň, Belgiýanyň we Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalary ýerine ýetirer.

Döwletli etraby 2007-nji ýylda Amyderýanyň sag kenaryndaky Ýylgynanyz we Tallymerjen tarp ýer massiwleriniň territoriýasynda döredilipdi.
XS
SM
MD
LG