Sepleriň elýeterliligi

Lebapda täze köpri guruldy


Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň çylşyrymly hem uly strategik gurluşyklaryň biri - Amyderýanyň üstünden Atamyrat şäheri (öňki ady Kerki) bilen Kerkiçini birleşdirýän köpriniň gurluşygy tamamlanypdyr. Bu barasynda “Türkmenistan: altyn asyr” internet saýty habar berýär.

Uzynlygy 1414 metr bolan köpriniň bahasy 123 million dollardyr. Ony Ukrainanyň “Dneprogiprotrans” institutynyň spesialistleri proýektirläp, “Ukrtransstroý” korporasiýasy gurupdyr.

Köpriniň üstünden demirýol hem awtomobil gatnawlary ýola goýlar. Ol gurlanda ýük göterijilik, tizlik we beýleki möhüm meseleler hasaba alnypdyr. Ol Rihteriň ölçegi boýunça 8 ball ýer titremesine-de çydamly - diýlip, informasiýada bellenipdir.
XS
SM
MD
LG