Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda azyndan 4 polisiýa heläk boldy


Ajalyna kaýyl bombaçynyň hüjüminde Çeçenistanda azyndan 4 sany polisiýa işgäri heläk boldy.

Çeçenistanyň Içeri işler ministri Ruslan Alhanow, paýtagt Grozniniň etegindäki şol hüjümde ýene bir polisiýanyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Geçen anna günki hüjümde-de 4 sany polisiýa Groznide ölüpdi. Düýn Orsýetiň premýer-ministri Putin öňünden habar bermezden Çeçenistana baryp, prezident Ramzan Kadyrow bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG