Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Oman soltanlygyna barar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow resmi sapar bilen Oman soltanlygyna barýar.

Türkmen prezidenti Omanyň soltany Gabus bin Saidiň çakylygy bilen bu döwlete barar.

Çakylyk türkmen liderine Omanyň Nebit we gaz ministri Al Rumhy bin Hamd tarapyndan Aşgabatda gowşuryldy.

Saparynyň dowamynda Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky nebit-gaz pudagyndaky gatnaşyklary, şeýle hem nebit-gaz ýatakaryny özleşdirmek, çig maly gaýtadan işlemek we ony täze ýollar arkaly dünýä bazarlaryna çykarmak meselelerini maslahatlaşar - diýip, Türkmenistan.ru internet gazeti habar berdi.
XS
SM
MD
LG