Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly studentler barada gepleşik geçirilýär


AKI press agentliginiň çap eden maglumatynda Gyrgyzystanda okaýan türkmenistanly studentleriň ýurtdan çykarylmaýandygy bilen bagly Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda gepleşikler dowam edýändigi habar berilýär.

Gyrgyzystanyň ýokary mekdeplerinde, hususan-da Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmen studentlerine ýurtdan çykmagy türkmen häkimiýetleri gadagan edipdir. Diňe şu uniwersitetde 150 töweregi türkmenistanly student okaýar. Jemi Gyrgyzystanda okaýan türkmenistanly studentleriň sany müňlerçedir.

Merkezi Aziýadaky Amerikan uniwersitetiniň jemgyetçilik bilen gatnaşyklar boýunça kordinatory Ýewgeniýa Romanowskaýa: “Häzir çözülen zat ýok. Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň DIM-leriniň hem ilçihanalarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler dowam edýär. Biz ýakyn wagtlarda studentlerimiziň okuwa geljekdigine ynanýarys” diýip, AKI press agentligine aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG