Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda täze demir ýol köprüsi guruldy


Türkmenistanda Amyderýanyň üstünden geçýän köprüniň gurluşygy tamamlandy. Halkara standartlaryna laýyk gelýän bu köprüniň ýurt üçin strategik ähmiýetiniň bardygy nygtalýar. Welaýatyň we ýurduň ösüşi üçin möhüm obýektiň gurluşygynyň on ýyla golaý wagtlap uzaga çekmegine näme sebäp boldy?

Amyderýanyň üstünden geçýän we Atamyrat bilen Kerkiçi şäherlerini birleşdirýän köpri Türkmenistanyň tabşyrygy boýunça Ukrainanyň “Dneprogiprotrans” instituty tarapyndan proýektirlendi. Resmi maglumatlara görä, onuň gurluşygy “Ukrainstroý” korporasiýasynyň köpri gurluşykçylary tarapyndan we Türkmenistanyň Demirýol transporty ministrliginiň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Türkmenistanyň gündogarynda gurlan bu köprüniň region boýunça iň uly köprüdigini “Türkmenistan.ru” Internet gazeti belledi.

Möhüm taraplar göz öňüne tutuldy

Maglumata görä, uzynlygy 1414 metrlik köprüniň gurluşygynda onuň öz agramy, agram götermek ukyby, transportyň hereket tizligi, seýsmiki şertler we beýleki möhüm talaplar göz öňünde tutuldy.

TDH gullugy gurluşygyň prezidentiň howandarlygynda amala aşyrylyp, azyndan iki ýylyň dowamynda ýerine ýetirilenligini belleýär.

Synçy Amanmyrat Bugaýew Atamyrat-Kerkiçi köprüsiniň 90-njy ýyllaryň aýagynda işe girizilen Atamyrat-Türkmenabat demirýolunyň yz ýany işe giriziler diýlip, planlaşdyrlan obýekt bolanlygyny aýtdy.

Häzir gurlup gutarylan köprüniň döreden täze transport koridorynyň Lebap welaýaty we Türkmenistan üçin örän ähmiýetlidigi Turkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň maglumatynda bellenildi.

Amyderýanyň sag kenarynyň uglewodorod, dag-mineral resurslaryna şeýle-de beýlekli seýrek ýerasty baýlyklara eýedigi we şol baýlyklaryň tiz özleşdirilmegine kämil demir ýol aragatnaşygynyň bolmanlygynyň päsgelçilik berenligi aýdylýar. Maglumata görä, Lebap welaýatynda gurlan we indi guruljak Dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kompleksi, sement zawody ýaly ençeme öbýektler, hususan-da müňlerçe iş orunlaryny döredip, şäherlerdir obalary ösdürer.

Näme üçin uzaga çekdi?

Resmi maglumatlara görä, köprüniň gurluşygy Türkmenistanyň tranzit mümkinçiliklerini hem giňeldýär. Şeýle uly strategik ähmiýete eýe bolan köprüniň gurluşygynyň uzaga çekmegine näme sebäp boldy?

Amanmyrat Bugaýew öz garaýşyny şeýle mälim etdi: “Uzaga çekenliginiň sebäbi Niýazow döwründe onuň döwletden öň öz bähbitleri bardy. Köpri türkmen gazynyň hasabyna gurulmalydy. Emma olar dürli ýollar bilen Bogdan Hmelnitskiý ordenini dakdylar Niýazowyň döşüne, “Ruhnama” kitabyny terjime etdiler. Şeýdip, ukrain tarapy Nyýazowyň göwnüni tapsalar, özleriniň işiniň, isleseler, yza tesdiriljegine düşündiler, gaz söwdasyndaky algy-bergini hem üýtgedip biljegine düşündiler, şeýdip, bu gaty uzaga çeken gurluşyk boldy”.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, köprüniň gurluşygynyň bökdelmegi “gurluşyk materiallarynyň gymmatlygy, gurallaryň we materiallary öndürijiler we üpjün edijiler bilen aradaky problemalara we beýleki sebäplere” bagly bolupdy. Bu barada Berdimuhammedow 2008-nji ýylyň noýabr aýynda aýdypdy.

Guramaçylyk çäreleri

Türkmenistanyň döwlet üpjünçilik komitetiniň başlygy bolan Nurmuhammet Hanamow ýurt üçin möhüm obýektleriň biri bolan Amyderýä köprüsiniň gurluşygyndaky bökdençlikleriň sebäbini türkmen häkimiýetleriniň hem guramaçylygynda görýär.

“Meniň pikirim boýunça, iki tarap hem günäkär. Sebäbi diňe bir Ukraina günäkär bolan bolsa, onda türkmen tarapynyň oňa täsiri bardy. Gurluşygyň uzaga çekmeginiň sebäbi, birinjiden, guramaçylyga bagly, häkimiýetler tarapyndan, ikinjiden, onuň maliýe tarapy hem barmyka diýýärin” diýip, N.Hanamow aýtdy.

Bahasy 123 million dollara durýan bu köprüniň ýurtda gurulýan beýleki obýektlere garanda, baha taýdan onçakly çykdajyly bolmanlygyna hem synçylar ünsi çekýärler. Diňe şu ýylyň özünde Turkmenistanyň paýtagtynda we Awaza syýahat zonasynda hersiniň bahasy onlarça we ýüzlerçe million dollara durýan köp sanly täze obýektler guruldy we ýene gurulýar.

Şu hepdäniň başynda-da döwlet baştutany Aşgabatda ýene birnäçe binalary gurmak boýunça proýekte garady. Onuň makullan we üýtgetmeleri girizmek görkezmesini beren proýektleriniň arasynda Medisina Uniwersiteti, “Halkbankyň” binasy şeýle-de Türkmenistanyň mejlisiniň jaýyny giňeltmek boýunça proýket bar.

Numuhammet Hanamow Türkmenistanda halk we döwlet üçin ilkinji nobatda zerur we bähbitli obýketlere ýeterlik üns berilmeýär diýip, pikir edýär.

Amyderýanyň üstünden gurlan köprüniň işe girizlmäge taýýardygy habar berildi. Köprüniň açylyş dabarasyna sentýabr aýynda Türkmenistana resmi sapar bilen barýan Wiktor Ýuşenko hem gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň we Ukrainanyň prezidentleri 30-njy iýunda telefon arkaly geçiren gepleşiklerinde ylalaşypdy.
XS
SM
MD
LG