Sepleriň elýeterliligi

Gemorogik gyzdyrma alada goýýar


Günorta Gazagystanda Gemorogik gyzdyrma sebäp bolýan sakyrtgalaryň ýok edilişi.

Günorta Gazagystanda Gemorogik gyzdyrma sebäp bolýan sakyrtgalaryň ýok edilişi.

Iýun aýynyň aýagynda Gazagystanyň Günorta Gazagystan welaýatynyň Türküstan etrabynda 23 ýaşly Şohida Ismaýilowanyň ikinji çagasy boldy.

Şol wakadan soňky birnäçe hepdäniň içinde Ismailowa, onuň ýaňy bolan çagasy keselhananyň iki doktory we çaga wraçy aradan çykdylar. Bu ölümleriň sebäpleri tiz ýaýraýan Krym-Kongo Gemorogik gyzdyrmadan görüldi.

Ysmailowaly meselede wirus oňa ýaş enä öz öýünde sakyrtga ýapyşansoň, ýokupdy. Öz nobatynda ol çagasyny emdirende, wirus ýaňy bolan çaga-da geçdi. Uzak wagtlap dowam eden gan akmany duruzmak üçin edilen iki sany operasiýa netijesinde wirus hirurglara we çaga doktoryna hem ýokdy.

Soňky aýlarda Gazagystanda azyndan ýene bir adam Gemorogik gyzdyrmadan öldi. Wirusyň ýene ençeme adama ýokanlygy çak edilýär.

Täjigistanda ýagdaýyň hasam erbetdigi aýdylýar. Bu ýerde tomsuň dowamynda onlarça adamyň, şol sanda doktorlaryň ölenligi habar berildi. Wirus ýokaşan adamlaryň sany bolsa, ýüzlerçe hasaplanylýar.

Gelip çykyşy

Laboratoriýada barlanýan sakyrtgalar
Krym-Kongo Gemorogik gyzdyrma keseliniň ady 1940-njy ýyllarda Krymda bolan epidemiýadan gelip çykýar. Kesel soň 1960-njy ýyllarda Kongoda hem ýüze çykypdy. Wirusy sakyrtgalar ýaýradýarlar, olar öz nobatynda ony köplenç ýabany we öý haýwanlaryndan alýarlar. Wirus Gündorgar Ýewropada, Ortaýer deňiz regionynda, Hytaýda we Orta Aziýada tapyldy.

Gemorogik gyzdyrmanyň Orta Aziýada ýene ýüze çykyp, ýaýramaga başlamagy regionda şübhesiz uly alada döretdi. Täjigistanyň Günortasynda ýerleşýän Kulob welaýatynyň Temurmalik etrabynyň ýaşaýjysy Sadbarg Kamolowa, Gemorogik gyzdyrma barada habar berlensoň, özüniň bir maşgala agzasynyň kesellemeginiň tutuş maşgalada howatyrlanma döredenligini aýdýar.

“Daýym näsaglanda, tutuş maşgala howsala düşüpdi. Onuň birnäçe goýunlary we sygyrlary bar. Hudaýa şükür, barlaglar keseli tassyklamady. Biziň tutuş obamyz oba hojalygy bilen meşgullanýar we şonuň üçin örän aladalanýar. Sebäbi kesel eýýäm goňşy obamyzda giňden ýaýrady” diýip, Sadbarg Kamolowa aýtdy.

Iki günüň içinde 24 adam öldi

Awgust aýynyň başynda ýaýradylan maglumatlarda Krym-Kongo Gemorogik gyzdyrmadan Tursunzade welaýatynda iki günüň içinde 24 adamyň ölenligi aýdyldy. Şäýatlar şäherde karantin düzgüni girizilip, ony kanuny gorýajylaryň öz gözegçiligine alanlygyny aýtdylar.

Tajigistanyň hökümeti ýüz tutansoň, BMG-nyň Dünýä saglyk guramasy bu ugurda ýurda ýardam berip başlady. 24-nji awgustda Täjigistanyň häkimiýetleri we Dünýa saglyk guramasy tarapyndan seminar geçirildi we ýerli ýaşaýjylara keselçiligiň öňüni almak boýunça çäreler barada maglumat berildi.

Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministri Azem Mirzoýew Dünýä saglyk guramasynyň spesialistleriniň Täjigistana keseli anyklamak, bejermek we onuň öňüni almak üçin ýardam bermäge baranlygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Atlanta şäheriniň kesellere gözegçilik boýunça merkeziniň wiruslar bölüminiň ýolbaşçysy Per Rollen, esasan sakyrtgadan we kesellän adamyň ganyndan geçýän wirusyň adamlarda dürli reaksiýa döredýänligini we adaty arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeginiň-de, keselçiligiň öňüni almaga ýardam berip biljekdigini, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG