Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä sapary


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, 24-nji mart, 2008 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, 24-nji mart, 2008 ý.
Türkmenistan bilen Orsýeti biri-birine ýakynlaşdyrýan aýratynlyklar gaty köp, olaryň başynda hem energiýa söwdasy durýar.

Türkmenistan daşary ýurtlara eksport edýän gazynyň 90 prosente golaýyny Orsýete akdyrýar. Bu ýagdaý bolsa, käbir synçylaryň aýtmagyna görä, Aşgabady diňe ykdysady taýdan däl, syýasy taýdan hem Orsýete garaşly edýär. Şunlukda bu Türkmenistanyň nukdaýnazaryndan käbir töwekgelçilikleri hem dörediýär, munuň anyk mysaly şu ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny Orsýete akdyrýan turbada bolan partlamadyr.

Gaz transportunda we gaz geçirijilerde dörän näsazlyklar bilen bir hatarda rus ýolbaşçylary bilen gazyň bahasynyň üstünde ýüze çykan ylalaşmazlyklar zerarly Türkmen gazy henizem Orseýete akmaýar.

Synçylaryň pikiriçe, bu ýagdaý Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly zarba urdy. Ýüze çykan bu oňşuksyzlyk Türkmenistany öňden hem dowam edip gelýän we gaz eksportyny köp ugurly etmek baradaky tagallasyna bat bermäge mejbur etdi. Berdimuhamedowyň Türkiýä edýän sapary bu nukdaýnazardan uly ähmiýete eýedir.

Sebäbi Aşgabat Ýewropa Orsýete alternatiw bolup biljek müşderi hökmünde garaýar, Ýewropa hem Türkmenistana öz gaz üpjünçiligi boýunça Moskwa alternatiw ýurt hökminde baha berýär. Diýmek, eger Türkmen gazy Ýewropa akdyrylsa, ol Türkiýäniň üstünden geçer. “Zaman” gazetiniň habaryna görä, türkmen prezidenti şu hepde Türkiýä we Bolgariýa etjek saparynyň dowamynda bu mesele hakda hem pikir alşar.

Türkiýeli ekspert we düýbi Ankarada ýerleşýän Gazi uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfettin Erol bilen Azatlyk radiosyndan Muhammad Tahir şu meseleler dogrusynda söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkýä edýän saparynyň maksady nämeden ybarat bolup biler?

Prof. Seýfettin Erol: Berdimuhamedowyň Antalya barjakdygy aýdylýar. Bilşiňiz ýaly, Antalýa dünýä-de turizmiň esasy merkezlerinden biri diýlip hasaplanylýär.

Prof. Seýfettin Erol
Elbetde, Berdimuhamedow häzirki döwürde uly meseleler bilen başagaý, belki, şonuň üçin ol birsalym dýnç almak islän bolmaga çemeli. Şol bir wagtyň özünde tomus aýlarynda Türkiýä sapar edýän daşary ýurtly ýolbaşçylar bilen türk resmileriniň arasyndaky duşuşyklar soňky döwürlerde, umuman Antalýada geçirilip başlandy.

Emma bu saparyň Aşgabadyň Moskwa bilen arasynda dowam edýän dartgynlylyk, şeýle-de Nabukko gaz geçirijisine degişli gepleşikleriň ýygjamlaşan döwrüne gabat gelmegi onuň ähmiýetini artdyrýar.

Orsýet bilen aralarynda dörän dartgynlylyk, şeýle-de Nabukko gaz turbasy barada türkmen prezidentiniň beýan eden pikirleri, elbetde, Aşgabadyň Ankara bilen aragatnaşygyna-da öz täsirini ýetirýär. Sebäbi Türkmenistanyň nukdaýnazaryndan, Türkiýe bu regionda Orsýete alternatiw bolup biljek bir ýurtdur.

Ikinjiden, Türkmenistanyň Orsýete garşy durup bilmegi üçin Nabukko, şeýle-de transkaspiý gaz geçirijisi ýaly, proýektlere mätäçligi bar. Bilşiňiz ýaly, bu iki proýektiň hem amala aşyrylmagy üçin Türkiýäniň roly gaty möhümdir.

Emma Hazaryň statusy muňa näderejede mümkinçilik döreder, bu barada bir zat aýtmak kiýn, sebäbi Orsýet bu region bilen bagly aladasyny barha artyrýar. Moskwanyň Hazar boýunça ýörite güýç döretmek barada orta atýan pikiri we onuň Eýran bilen geçiren harby türgenleşiklerine çynlakaý alada hökmünde baha berilmeli. Şunlukda Türkmenistanyň Orsýete garşy durup bilmegi üçin Hazardaky bu ylalaşmazlygy çözmek meselesi has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Duşuşykda şol meselä üns berilmegi mümkin.

Üçünjisi, Azerbeýjanyň soňky döwürde Orsýete ýakynlaşyp başlamagyna-da Aşgabat gaty alada bilen syn edýär. Bakuwyň bu hili sýyasata baş goşmagynyň iki sebäbi bolup biler. Birinjisi, Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda Hazarda ýerleşýän gaz ýataklarynyň kime degişilidigi baradaky mesele, ikinjisi bolsa, Azrbeýjandyr Türkmenistanyň arasynda dowam edýän oňşuksyzlykda olaryň Hazar ýaka döwletleri bolany üçin, Hazaryň statusyny götermegi ahmal. Şeýle-de, transhazar turbasynyň geçjek ýolunyň üstünde ýerleşýändigi sebäpli Azerbeýjanyň bu ýagdaýdan öz pozisiýasyny güýçlendirmäge synanyşmagy mümkin diýlen howp hem bar.

Hazar dawasy boýunça Bakuwyň Orsýet bilen birmeňzeş syýasat alyp barmagy hem Türkmenistany alada goýýar. Mälim bolşuna görä, Hazaryň statusy baradaky ylalaşmazlyk soňky döwürlerde ýene ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosy: Azerbeýjan bilen Türkiýänyň ýakyn aragatnaşygy bar, şunlukda Berdimuhammedow bilen Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň arasynda boljak duşuşykda Bakuw bilen Aşgabadyň arasynda dörän şol ylalaşmazlygy çözmek üçin Ankaranyň oýnap biljek roly bilen bagly-da gürrüň edilmegi mümkinmi?

Prof. Seýfettin Erol: Türkiýe türk dünýäsine girýän ýurtlaryň arasynda dowam edýän oňşuksyzlyklary çözmek barada aktiw alada edýän ýurtdur.
Ankara diňe Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda däl, türk dünýäsine girýän beýleki ýurtlaryň arasynda hem şeýle ylalaşmazlyklaryň bolmagyny islemez.

Meniň pikirimçe, Azerbeýjanyň alyp barýan häzirki syýasaty wagtlaýyn bir aladadyr. Bakuw bu sýyasatyny uzak wagtlap dowam etdirip bilmez. Şonuň üçin Türkiýe bilen Türkmenistan bu meselede birmeňzeş sýyasaty ýöretseler, ol Azerbeýjanyň alyp barýan sýyasatyna-da öz täsirini ýetirer.

Türkmenistanyň kyn ýagdaýy başdan geçirýän, Orsýet bilen arada dörän dartgynlylygyň dowam ediýän häzirki döwründe Bakuwyň Moskwa bilen aragatnaşygyny artdyryp, Aşgabadyň ýagdaýyny has kynlaşdyrmagy rasional bir hereket däldir. Eger Bakuw Türkmenistana belli bir maksat bilen basyş etmek isleýän hem bolsa, men bu sýyasatyň gaty uzaga çekjekdigine ynanamok.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Azerbeýjanyň şeýle sýyasat alyp barmagynyň maksady näme bolup biler?

Prof. Seýfettin Erol: Bu Hazar deňzindäki gaz ýataklarynyň kime degişlidigi baradaky mesalä bagly. Azerbeýjan Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda dowam edýän häzirki dartgynlykdan peýdalanmaga synanyşýar. Emma Türkmenistanyň şeýle basyşa boýun egmegi mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedowyň Türkiýä edýän bu sapary Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň Aşgabada etjek saparynyň öňüsyrasyna gabat geldi. bu saparyň şol nukdaý nazardan bir ähmiýeti barmy?

Prof. Seýfettin Erol: Elbetde, ähli duşuşyklaryň we saparlaryň bir ähmiýeti bardyr. Eger ýadyňyzda bolsa, Orta Aziýada ýerleşýän ýurtlar üçin Orsýet uzak wagtlap iň esasy merkez bolup geldi. Emma bu gün Türkiýe Orsýetiň ornuny eýeläp başlady diýip bolmaz. Türkiýäni, Türkmenistany we Orsýeti deň derejede gyzyklandyrýan käbir meseleler hem bar. Olaryň başynda hem energiýa pudagy durýar.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan hem Orsýet bilen arasynda dowam ediýän bu dartgynlylygy başdan sowmak üçin deňagramly hemem köp ugurly daşary sýyasata ähmiýet bermäge mejbur. Bu nukdaýnazardan Aşgabat germaniýaly şirketler bilen aragatnaşygyny artdyrdy. Hytaý we Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän gatnaşyklar hem hemmä mälim.

Şeýle-de, Türkiýe bilen Türkmenistanyň aragatnaşygynyň ençeme möhüm ugurlary bar. Bu diňe howpsuzlykdyr daşary sýyasat däl, ykdysadyýet bilen bir hatarda energiýa, saglyk ýaly dürli pudaklary öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürlerde Orsýet bilen Türkýe-de öz aragatnaşygyny artdyryp başlady, meselem, ýakynda Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin Ankara baranda, bu iki ýurt ençeme ylalaşyklara gol goýdy, Ankaranyň Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda dowam edýän bu dartgynlylyk boýunça eýeleýän pozisiýasy nämeden ybarat?

Prof. Seyfettin Erol: Bu hili ylalaşyklar Türkiýe ýa Türkmenistanyň nukdaýnazaryndan haýsydyr bir problema döretmez. Birsalym öň Azerbeýjan bilen bagly öňe süren pikirimde bu meselä ünsi çekmek isläpdim. Türkiýe bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyk Ankaranyň regiondaky beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygyndan has uly we möhümdir.

Şunlukda men Ankaranyň Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda dowam edýän bu ylalaşmazlygyň çözgüdi meselesinde rol oýnap biljekdiginı we bu ugurda Türkiýäniň alada etmelidigine ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Onda Abdylla Gül bilen Berdimuhamedowyň arasynda boljak bu duşuşykda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky ylalaşmazlygyň çözgüdi barada hem pikir alyşylmagy mümkinmi?

Prof. Seyfettin Erol: Elbetde, bu barada hem pikir alşylar. Sebäbi Nabukko gaz geçirijisiniň gurulmagy Türkmenistanyň köşeşdirilmegi we regiondaky düşünşmezlik barada Türkiýäniň özüni alyp barşy hemmelere aýdyň. Eger Orsýet Türkiýe bilen has berk stratigiki aragatnaşyk gurmak isleýän bolsa, onda ol Ankaranyň ähmiýet berýän meselelerine, şeýle-de regiondaky aladalaryna-da üns bermeli bolar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde Türkiýäniň Berdimuhamedowa hödürläp biljek zady näme?

Prof. Seyfettin Erol: Hemme zatdan ozal Türkiýe Türkmenistana goldaw berjekdigini aýdyp biler. Häzirki döwürde Türkmenistan doly garaşsyzlygyna gowuşmak üçin paýhasly ädimler ädýär.

Daşarky sýyasatynda bitaraplygy saýlap alyp, beýleki ýurtlar bilen aragatnaşygynda ol deňagramlylyga hem ähmiýet berýän ýurtdur.

Ikinjiden, Türkiýe tarapyndan goldanylýan transkaspiý, şeýle-de Nabukko gaz geçirijisi hem Türkmenistanyň nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Üçünjiden, Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda dörän dartgynlylyk pursatyndan Türkiýe ýeterlik peýdalanyp bilse, bu regionda Orsýetiň täsirini azaltmakda uly iş bolar.
XS
SM
MD
LG