Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko Medwedew bilen duşuşar


Şu gün Soçide Orsyetiň prezidenti bilen Belarusyň prezidenti duşuşar. Aleksandr Lukaşenkonyň metbugat gullugy onuň Dmitriý Medwedew bilen gepleşiklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri, daşary syýasatda hereketleri ylalaşmak ýaly meseleleriň gozgaljakdygyny habar berýär.

Mundan öň Belarusyň prezident Medwedew bilen çylşyrymly meseleleriň tutuş toplumyny maslahatlaşjakdygyny aýdypdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda problemalaryň sanynynyň artýandygyny synçylar belleýärler. Şu ýyl Orsýet Belarusdan süýt önümlerini almaga gadaganlyk girizipdi. Aleksandr Lukaşenko Kollektiwleýin howpsuzlyk barada ylalaşyk guramasynyň sammitine Moskwa gelmekden ýüz öwrüpdi.
XS
SM
MD
LG