Sepleriň elýeterliligi

Moldowa hökümeti iş başyndan çekildi


Täze parlamentiň saýlanmagy bilen bagly Moldowa hökümeti iş başyndan çekilýändigini yglan etdi. Bu iş Konstitusiýada göz öňünde tutulan: özüni tassyklan parlamentiň ygtyýarlyklary tamamlanandan soň hökümet çekilmeli.

Möhletinden öň parlament saýlawlary Moldowada 29-njy iýulda geçirildi. Dolandyryjy kommunistler partiýasy parlamentde köplügini ýitirip, 101 orundan 48 –sini eýeläp bildi.

Beýleki dört partiýa alýans döretdi, olar ÝB bilen ýakynlaşmagy maksat edinýärler.

Zinaida Greçananyň baştutanlygyndaky hökümetiň iş başyndan çekilmek meselesine täze parlamentiň 28-nji awgustda boljak ilkinji mejliinde serediler.
XS
SM
MD
LG