Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan Orsýetden Günorta Osetiýa barýan turba protest bildirýär


Orsýetden Günorta Osetiýa gaz turbasynyň açylmagy bilen bagly Gürjüstan protest bildiripdir.

“Orsýet şu hereketi bilen halkara hukugynyň prinsiplerini we Gürjüstanyň özbaşdaklygyny hem territorial bitewiligini bozdy” diýlip, Gürjüstanyň DIM-niň beýannamasynda bellenýär.

Gürjüstandan sowa Günorta Osetiýa gaz berjek täze turba respublikanyň garaşsyzlygyny Orsyetiň ykrar etmesiniň bir ýyllygyna gabatlap işe girizilipdir.

Düýn Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Günorta Osetiýanyň prezidenti Eduard Kokoýta bilen Moskwada gepleşikler geçirdi.

Günorta Osetiýany sosial-ykdysady taýdan ösdürmek we jenaýatçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol çekilipdir.
XS
SM
MD
LG