Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda iki amerikan harbysy heläk boldy


Düýn Owganystanda iki amerikan harbysy heläk boldy.

Halkara güýçleriň komandowaniesiniň maglumatyna görä, olaryň biri ýurduň günortasynda partlamanyň pidasy bolupdyr, ikinji harby Owganystanyň gündogarynda söweşde ölüpdir.

Awgust aýynda Owganystanda eýýäm 43 amerikan harbysy heläk boldy. Geçen aý amerikan ýitgileri 44 adamdy.

Ol 2001-nji ýylda Talyplaryň garşysyna harby hereketler başlanaly bäri iň ýokary görkezijidir.

Hepdäniň ikinji güni Gandagarda iň ganly terroristik akt amala aşyrylyp, partlamada parahat ilatdan 43 adam öldi.

Bu partlamany BMG-nyň baş sekretary Ban Ki Mun ýazgardy.

Talyplar bu waka gatnaşygyny inkär edýär.
XS
SM
MD
LG