Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Taýbahşa bildirilýän günäler esassyz


Eýranda içalyçylykda hem milli howpsuzlyga garşy jenaýatlarda alym Kian Taýbahşa bildirilýän günäleri ABŞ esassyz hasap edýär.

Eýran hem amerikan graždanlygy bolan alymy prezident saýlawlarynyň netijeleriniň garşysyna iýun aýynda geçirilen demonstrasiýa gatnaşyjylaryň garşysyna dowam edýän prosessleriň birinde sud edýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiň wekili Ian Kelli, “Biz oňa bildirilen aýyplamany esassyz hasap edýäris, ony azat etmäge çagyrýarys. Ol Eýran hökümetine hem Eýranyň milli howpsuzlygyna hiç hili howp abandyrmaýar. Geçirilen saýlawlarda ol düýbünden hiç hili rol oýnamady” diýdi.
XS
SM
MD
LG