Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi iýundaky demonstrasiýalar barada çykyş etdi


Eýranyň ýokary dini lideri aýatolla Hameneýi prezident saýlawlarynyň netijeleriniň garşysyna oppozisiýanyň iýun aýynda gurnan demonstrasiýalarynyň liderleri bilen daşary ýurtlaryň arasynda baglanyşyk üçin delil görmeýändigini aýdypdyr.

Mundan öň Eýranyň resmi wekilleri protest aksiýalaryny guranmakda Günbatar ýurtlaryny, esasan-da ABŞ bilen Beýik Britaniýany ençeme gezek aýyplapdy.

Saýlawlarda Ahmedinejady goldan Hameneýi şeýle-de protest aksiýalarynyň guramaçylykly häsiýetini hem olaryň öňünden planlaşdyrylandygyny belläpdir.

Tanymal syýasatçylary we jemgyýetçilik işgärlerini goşmak bilen oppoziiýanyň 100-den gowrak aktiwisti Eýranda suda edilýär, olara köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşykda aýyplama bildirilýär.

Günbatar döwletleri hem adam hukuklaryny goraýjylar prosesi tankytlap, “göz üçin edilýän iş” hökmünde oňa baha berýärler.
XS
SM
MD
LG