Sepleriň elýeterliligi

Wikipediýada Molotow-Ribbentrop pakty


Germaniýanyň Daşary işler ministri Ýoahim fon Ribbentrop birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky German-Sowet şertnamasyna gol çekýär, 23-nji awgust 1939 ý.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Ýoahim fon Ribbentrop birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky German-Sowet şertnamasyna gol çekýär, 23-nji awgust 1939 ý.

Häzir, internet döwründe, “diňe bir faktlary” almak üçin günde millionlarça adama çeşme bolup hyzmat edýän internet ensiklopediýasy Wikipediýa. Onda islän zadyň bar. Ýöne Molotow-Ribbentrop pakty ýaly jedelli temalar barada welin, “diňe bir faktlary” alaýmak aňsat däl. Sanlyja sözleriň uly tapawutlar döredip, käbir öwüşginleriň aýratyn bellenilmeginiň esasy meselelere düşünilmegini özgerdýänligine göz ýetirmek üçin agzalan şertnama barada Wikipediýada ors we iňlis dillerinde berilýän maglumatlara ýekeje gezek seretmek ýeterlik.

Mysal üçin, iňlisçe wersiýada ylalaşyga degişli gizlin protokol “gündogar hem merkezi Ýewropany German we Sowet täsir sferalary diýip ikä bölmek, bu ýurtlary territoriýa hem syýasy taýdan täzeden düzgüne salmak” diýlip suratlandyrylýar. Şol sebäpden hem Germaniýa bilen Sowet Soýuzynyň özlerine düşýän paý hökmünde Polşany basyp alandyklary aýdylýar.

Ors wersiýasynda bolsa, ylalaşygyň gündogar Ýewropa territoriýa we syýasy taýdan täzeden düzgüne salnan ýagdaýynda Germaniýanyñ täsir sferasy barada bir gizlin protokolyň bolandygy aýdylýar. “1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Germaniýa Polşany eýeledi. 1939-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hem Sowet Soýuzy Ukraina we Belarusyñ ozal Polşa tarapyndan dolandyrylýan günbatar oblastlaryny, soň hem Baltika deňziniň gündogar regionlaryndaky döwletleri öz düzümine goşdy” diýilýär.

Molotow-Ribbentrop paktyna getiren diplomatik ýagdaýyň iki tekstde suratlandyrylyşy-da tapawutly. Iňlisçesinde Günbataryň Gitleriň göwnünden turmak üçin alyp baran syýasatyna Staliniň Günbataryň islegi Germaniýa bilen Sowet Soýuzynyñ arasynda uruş turuzmakdy diýen ünjüsine köp ähmiýet berilmeýär.

Orsçasynda welin, Sowet Soýuzynyň resmi syýasaty bolan toparlaýyn howpsyzlyk nygtalyp, Almanýa bilen iş salyşanlygy üçin Günbatar tankytlanylýar.

Sowet Soýuzynyň toparlaýyn howpsuzlyk teklibine oňaýly jogap bermänligi sebäpli gündogar Ýewropa ýurtlary-da gytaklaýyn tankyt astyna alynýar. “Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň hökümetleri SSSR-e çuň ynamsyzlyk bilen garaýardylar. 1939-njy ýylyň martynda Germaniýa Litwanyň Klaýpeda regionyny basyp alanynda, SSSR Latwiýa we Estoniýa tarap diplomatik ädimler ätdi. Ýöne olar sowuk garşylandy. Şol ýylyñ maý aýynda Germaniýa bilen bolan gatnaşyklaryň barha ýaramazlaşýandygyna garamazdan, Polşanyň daşary işler ministrligi öz ýurdunyň SSSR bilen hiç bir ylalaşyk arkaly iş salyşmak islemeýändigini yglan etdi” diýip, Wikipediýanyñ orsçasynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG