Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň "Berlin diwary" ýykylarmy?


Uzynlygy 1414 metrlik köprüniň gurluşygynda onuň öz agramy, agram götermek ukyby, transportyň hereket tizligi, seýsmiki şertler we beýleki möhüm talaplar göz öňünde tutuldy diýlip habar berilýär.
Uzynlygy 1414 metrlik köprüniň gurluşygynda onuň öz agramy, agram götermek ukyby, transportyň hereket tizligi, seýsmiki şertler we beýleki möhüm talaplar göz öňünde tutuldy diýlip habar berilýär.

Ençeme ýyllardan soň, Türkmenistanyň örän möhüm aragatnaşyk obýekti – Amyderýanyň üstünden demirýol köprüsiniň gurluşygy tamamlandy.

Soňky hökümet maslahatlarynyň birinde Gurbanguly Berdimuhamedow şol köprüni kabul etmek boýunça döwlet komissiýasyny döretmegi görkezme beripdi. Ukrainler tarapyndan amala aşyrylýan köprüniň uzaga çeken gurluşygy çylşyrymly döwürleri hem wakalary başdan geçirdi.

Uzaga çeken gurluşyk

Gurluşygyň ýatyp galan halatlaram az bolmandy. Beren wadasynda tapylmazlykda, baglaşylan şertnamanyň düzgünlerini bozmakda Saparmyrat Nyýazow ukrain tarapyny ençeme gezek aýyplapdy. Şol tankytlardan soň köprüde hereket başlanýardy, soň ýene ýatyp galýardy.

Köprüniňdir başga-da birnäçe obýektiň gurluşygy üçin çykdajylary türkmen hökümeti ýylda Ukraina 6 milliard kubometr gaz bermek bilen hasaplaşýardy. Gurluşygy S.Nyýazow dirikä tamamlamak barybir başartmandy. Dogrusy, hat-da diýdimzor, diýeni ýerde ýatmaýan diktatoram bu işiň hötdesinden gelip bilmändi.

Köpri Özbegistandan sowa ägirt uly ýerasty baýlyklara eýe bolan Gündogar Türkmenistany ýurduň Günbatary, Amyderýanyň çep kenary bilen birleşdirip, köp aragatnaşyk problemalaryny, ýük daşamakdaky kynçylyklary çözüp biljekdi.

Bu köpri diňe bir Türkmenistan üçin däl, ýoly ep-esli gysgadýanlygy sebäpli Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin-de uly ykdysady peýda getirjekdi. Ol Gazagystan üçinem, Täjigistan üçinem, Owganystana ýük daşamak üçinem amatlydy.

Bu işi pellehana ýetirmek bagty täze prezidentiň, onuň hökümetiniň paýyna düşdi. Köprüden geljek bähbitlere hem abraýa G.Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen şärik boldy.

Möhüm sorag

Şu ýerde bir sorag döreýär: täze gurlan köprüniň ulanylyş prosesinde nähili netijeler gazanylar? Gurlan köpri baryp-ha S.Nyýazow döwründe ornaşdyrylan serhet düzgünleri bilen ýüzbe-ýüz bolmazmy?

Şol düzgünler nyýazowçylyk döwlet gurluşynyň esasy konsepsiýalaryny aňladýardy. Ol daşarky dünýä bilen üzňelige, ýapyklyga gönükdirilen sistemady. Şol sistemada serhet örän möhüm rol oýnaýardy. Amyderýanyň üstünden gurlan köpri regionyň döwletleriniň aktiw kommersiýa işleri üçin-de, bolmagy mümkin turizm üçin-de, ýolagçy gatnatmak üçin-de amatly hem özüne çekiji häsiýete eýe bolup biler.

Ýöne hakykat ýüzünde bu proýektler şahsy adamlar üçinem, kommersiýa gurluşlarynyň wekilleri üçinem türkmen serhedini geçmekdäki köne düzgünler sebäpli kynçylyklar, çözülmedik problemalar bilen garpyşyk ötelgesi bolmagy mümkin. Eger Türkmenistanyň düzgünleri üýtgedilmese, kanunçylyga degişli özgerişler girizilmese, köprüniň boş durmagy ýa-da ýarym güýjünde işlemegi mümkin. Çünki köne düzgünler, S.Nyýazowyň Merkezi Aziýada guran türkmençe Berlin diwary sebäpli ýüklerem, ýolagçy akymy-da Türkmenistandan aýlanyp geçmeli bolar.

Turizm barlaglary halamaýar

Häzirki zaman biznesi hem turizmi boş, peýdasyz durmaga, garaşmaga çydamsyz, kemsidiji barlaglary, burokratik bulaşyklygy, päsgelçilikleri halamaýar. Eger ýurt hakykatdan-da gazanç etmek, peýda görmek isleýän bolsa, ykdysady taýdan garaşsyz, güýçli döwlet bolmak isleýän bolsa, onda hereket azatlygyny üpjün etmeli. Hut şol azatlygy üpjün etmek bilen Birleşen Arap Emirlikleri, Katar, Kuweýt, Taýwan ykdysady taýdan gaty güýçli ösüşe eýe boldular. Şol ýurtlar sözde däl-de, iş ýüzünde, praktikada daşarky dünýä üçin doly açyk. Şahsy adamlaryň, kapitalyň, harytlaryň ýurda gelmesem, ýurtdan çykmasam azat-erkin.

Ägirt uly möçberdäki tebigy baýlyklara eýe türmen topragy-da, ýurduň geostrategik ýerleşişi-de Türkmenistany regionyň, hat-da dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri bolmaga itergi berip biler. Şol mümkinçilikden, şansdan türkmen ýolbaşçylary peýdalanyp bilermi? Daşarky dünýä bilen aradaky serhetleri açyp başlamaga olara näme päsgel berýär? Iki ýarym ýyl gowrak mundan öň şol päsgelçilik S.Nyýazowdy. Şu günki gün esasy böwet näme?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG