Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Türkiýä bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

27-nji awgustda Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä iki günlük sapary başlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä Bolgariýa saparynyň yz ýany bardy.

Antaliýada boljak gepleşiklerde taraplaryň ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşmagyna garaşylýar.

President G.Berdimuhamedowyň Türkiýä bu sapary barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çäkli maglumat berildi. Öz nobatynda Türkiýäniň “Zaman” gazeti Türkmenistanyň Türkiýä öz strategik ýarany hökmünde garaýanlygyny belledi.

21-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn berkidilmeginiň Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýanlygyny we türkmen-türk gatnaşyklarynyň esasynda uly ykdysady mümkinçilikleriň we köp asyrlaýyn taryhy arabaglanyşygyň ýatanlygyny belläpdi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda aýdyldy.

Türkiýäniň “Zaman” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül G.Berdimuhamedowa Türkiýä sapar etmek çakylygyny geçen aýda bolan telefon söhbetdeşliginde edipdi. Şonda taraplaryň özara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada pikir alşanlygy maglumatda bellendi.

Iň ýakyn hyzmatdaş

1994-2002-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Türkiýede ilçisi bolan Nurmuhammet Hanamowyň bellemegine görä, Türkmenistan garaşsyzlyga eýe bolaly bäri Türkiýe onuň iň ýakyn gatnaşyk saklan esasy ýurdy bolup galýar. Hanamow ozalky ýyllarda ýurt ara gatnaşyklaryň ilkinji nobatda ykdysadyýet we gurluşyk ugurlaryna gönükdirilen bolsa, soňky döwürde halkara energiýa hyzmatdaşlygynyň öňe saýlananlygyny belläp, “Nabukko” proýketiniň Türkiýede geçjek türkmen-türk gepleşikleriniň üns merkezinde boljagyny çak etdi.

“Esasy meseleleriň biri türkmen gazynyň Türkiýäniň üstünden geçmegi we “Nabukko” proýektiniň çynyrgadylmagy. Sebäbi eýýäm bäş döwlet öz arasynda protokola gol çekdiler, ýagny Türkiýe, Bolgariýa, Rumyniýa we Awstriýa. Emma bu döwletleriň hemmesi transit döwlet hem-de gazy ulanjak döwlet. Indi gazy berjek döwlet hem gatnaşmaly, protokola gol çekmeli. Esasy döwletiň biri Türkmenistan bolup durýar” diýip. N.Hanamow aýtdy.

Ankarada ýerleşýän Gazi Uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfettin Erol Türkmenistanyň prezidentiniň Türkiýä bu saparynyň käbir aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Türkiýeli bilermeniň pikirine görä, saparyň Türkmenistanyň esasy gaz hyrydary bolan Orsýet bilen arasynda dowam edýän dartgynlylyga we “Nabukko” proýekti barada gepleşikleriň ýygjamlaşan döwrüne gabat gelmegi onuň ähmiýetini artdyrýar. Sebäbi “Türkiýe regionda Orsýete alternatiwa bolup biljek ýurt” diýip, Erol belledi.

“Zaman” gazetiniň bellemegine görä, “Ankara Günbatarly energiýa hyrydarlary bilen Gündogarly nebit-gaz satyjylarynyň arasynda regional merkeze öwrülmäge çalyşýar”, “Türkmenistan bolsa, Türkiýeden Bolgariýanyň, Rumyniýanyň we Wengriýanyň giňişliginden Awstriýa tarap çekiljek “Nabukko” proýektini gaz bilen üpjün edip biljek ýurt. Proýektiň maýa goýujylary turbanyň Hazar deňzi arkaly Azerbeýjanyň üstünden Türkmenistan bilen baglanyşmagyna umyt baglapdylar”.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň Aşgabada sapary boldy. Şonda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbeýjanyň prezidentleri arasynda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşiklerde ýurtlar özara energiýa hyzmatdaşlygyny maslahat edipdi.

Türkmen-azeri dawasy

Professor Mehmet Seýfettin Erol G.Berdimuhamedowyň Türkiýä häzirki saparynyň dowamynda soňky döwürde ýitilişen türkmen-azeri dawasynyň türk resmileri bilen maslahat ediljegini çak etdi.

Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň Hazar deňzindäki serhetlerini kesgitlemek boýunça uzaga çeken gapma-garşylyklarynyň ýurtlaryň “Nabukko” proýektine gatnaşmagynyň öňünde böwet döredýänligini synçylar belleýärler.

Mehmet Seýfetdin Erol Baku bilen Aşgabat arasyndaky gapma-garşylyklary çözmekde Türkiýäniň oýnap biljek roluny şeýle kesgitledi:

“Türkiýe türk dünýäsine girýän ýurtlaryň arasynda dowam edýän oňşuksyzlyklary çözmek barada aktiw alada edýän ýurtdur. Ankara diňe Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda däl, türk dünýäsine girýän beýleki ýurtlaryň arasynda hem şeýle ylalaşmazlyklaryň bolmagyny islemez. Meniň pikirimçe, Azerbeýjanyň alyp barýan häzirki syýasaty wagtlaýyn bir aladadyr. Baku bu sýyasatyny uzak wagtlap dowam etdirip bilmez. Şonuň üçin Türkiýe bilen Türkmenistan bu meselede birmeňzeş sýyasaty ýöretseler, ol Azerbeýjanyň alyp barýan sýyasatyna-da öz täsirini ýetirer” diýip, Mehmet Seýfettdin Erol aýtdy.

Geljek hepde Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler.
XS
SM
MD
LG