Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky howpsuzlyk barada hasabat ýaýradyldy


Adam hukuklaryny goraýan Amnesty international halkara guramasy Owganystanda 2001-nji ýylda talyp režimi ýykylaly bäri ýerli ýaşaýjylaryň howpsuzlygyna abanýan wehimiň häzir iň ýokary derejä ýetendigini öňe sürýär.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, baş howp hökümete garşy ýaragly toparlardan, ylaýta-da “Talyban” hereketinden abanýar.

Soňky hepdeler, has-da 20-nji awgustdaky prezident saýlawlarynyň öň ýany Owganystanda terroristik aktlaryň hem hüjümleriň sany iň ýokary derejä ýetipdir.

Birnäçe gün mundan öň Gandagarda bolan teraktda 43 adam heläk boldy.

Düýn hökümet we halkara güýçleri Paktika welaýatynda talyplar tarapyndan basylyp alnan keselhana hüjüm edilende, 12 söweşiji hem bir amerikan soldaty öldi.
XS
SM
MD
LG