Sepleriň elýeterliligi

Merkel: Ysraýyl ýewreý ilatly nokatlaryny gurmagy togtatmaly


Ýakyn gündogarda parahatçylygy kadalaşdyrmak boýunça gepleşiklere başlamagyň hatyrasyna ýewreý ilatly nokatlaryny gurmagy tizden-tiz togtatmaga Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ysraýyly çagyrypdyr.

Ol düýn Berlinde Ýewropa dört günlük sapar edýän Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen duşuşdy.

Taraplar Eýranyň ýadro programmasy meselesini-de maslahatlaşypdyr.

Angela Merkeliň sözlerine görä, eger Günbatar döwletleri bilen gepleşiklerden ýüz öwürse, Eýrana garşy berk ykdysady sanksiýalar girizilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG