Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň täze Goranmak ministri bellendi


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili Baço Ahalaýy Goranmak ministri wezipesine belledi.

Hepdäniň dördünji güni Ahalaýyň kandidaturasyny milli howpsuzlyk sowetiniň maslahatynda prezident teklip etdi. Ahalaý şu wagta çenli Goranmak ministriniň birinji orunbasarydy.

Täze adamy ministr wezipesine bellemeginiň sebäbini Saakaşwili “goşuna berk eliň gerekdigi” bilen esaslandyrdy.

Gürjüstanyň oppozision syýasatçylary Ahalaýyň wezipä bellenmegine närazylyk bildirdi. Olar ony “ölüm eskadrony” atlandyrylýan ýörite toparyň işine gatnaşykda aýyplaýarlar.

Şol topar, oppozisiýanyň tassyklamasyna görä, Saakaşwiliniň syýasy garşydaşlary bilen hasaplaşmak üçin gerek.

XS
SM
MD
LG