Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili Kerimowdan minnetdar


Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili.
Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili.

«Bägül rewolýusiýasynda» häkimiýet başyna gelen Gürjüstanyň prezidenti Özbegistanyň prezidentine ýollan garaşsyzlyk baýramy bilen bagly gutlagynda Gürjüstany agyr günlerde goldap, ruhlandyrany üçin Yslam Kerimowa minnetdarlyk bildiripdir.

1-nji sentýabrda bellenjek Özbegistanyň garaşsyzlyk baýramy we Daşkent şäheriniň 2200 ýyllygynyň dabarasynyň öňüsyrasynda Kerimowyň adyna Orsýetden, Hytaýdan, ABŞ-dan we beýleki döwletlerden gutlag hatlary gelipdir. Emma Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwiliden gelen we hökümet gazetinde çap edilen gutlag haty resmi Daşkendiň syýasatynda nobatdaky özgerişlikden bir alamat saýylýar.

«Biz dostlukly gatnaşyklarymyzy hormatlaýarys we döwletimiz agyr pursaty başdan geçirýän wagtynda bizi goldap ruhlandyranyňyzy hiç haçan unutmarys. Pugta esasa we halklarymyzyň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna daýanýan Özbegistan-Gürjüstan gatnaşyklary geljekde has pugtalanyp, iki halkyň bahbidi üçin öser» diýlip, Saakaşiwiliniň hatynda aýdylýar.

Saakaşwilini nähili ruhlandyrdyka?


Bu hatda geçen ýylky Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda bolan bäs günlük uruş we ondan soň Gürjüstanyň düşen agyr ýagdaýy barasynda aýdylýandygy hemma mälim. Emma hatda Özbegistanyň Gürjüstanyň prezidentiniň nähili goldap, ruhlandyrandygy barasynda hiç zat aýdylmaýar. Gürjüstanyň Özbegistandaky ilçisi Georgiý Kobolaşwili bu hatda aýdylýan meselä düşündiriş berip, Özbegistanyň Gürjüstany syýasy we moral taýdan goldandygyny aýdypdyr.

“Bu ýerde söz Gürjüstanyň territorial garaşsyzlygyny goldap, ruhlandyrýan Özbegistanyň hökümeti we prezident Kerimowyň aç-açan we däbe öwrülen pozisiýasy barada gürrüň gidýär. Biz muny hormatlaýarys we agyr günlerimizde beýle pozisiýa örän uly ahmiýete eýe bolupdy” diýip, Georgiý Kobolaşwili aýdýar.

Kremlden gizlenmedi

Mundan bir ýyl öň Moskwa bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyny islemedik prezident Kerimow, elbetde, Ukraina we Baltika ýaka döwletleriniň ýolbaşçylary ýaly, Orsýetiň hereketlerini açyk tankytlamandy. Uruş möwç alan wagtynda Tbilisä sapar hem etmändi. Emma aglaba GDA döwletleriniň hatarynda resmi Daşkendiň pozisiýasy-da, Kremle sözsüz närazylyk hökmünde gönügipdi.

Prezident Saakaşwiliniň gutlag haty Özbegistanyň hökümetine degişli «Prawda Wostoka» gazetinde çap edildi we munuň bilen resmi Daşkent Gürjüstany goldap, ruhlandyrýandygyny Kremlden gizlemeýändigini görkezdi. Bu bolsa, synçylaryň pikirine görä, Daşkendiň Moskwadan uzaklaşýandygyndan bir alamatdyr.

Öz hatynda Gürjüstanyň prezidenti Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşmaga umyt edýändigini hem belläp geçipdir. Ilçi Koboloşwili iki prezidentiň duşuşygynyň häzirlikçe planlaşdyrylmandygyny aýtsa-da, iki tarapyň hem köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hereket edýändigini mälim etdi.

«Meniň şuny aýratyn belläp geçesim gelýär, biz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmagy niýet edindik» diýip, ilçi Koboloşwili aýdýar.

Öňki gatnaşyklar

Emma Saakaşwili bilen prezident Kerimowyň arasyndaky şahsy gatnaşyklaryň ilkibaşdan öwerlik bolmandygy hem aýdylýar. “Bägül rewolýusiýasy” ideýasyna garşy bolan prezident Kerimow Gürjüstanyň öňki prezidenti Eduard Şewerdnadzanyň Mihail Saakaşwili tarapyndan häkimiýetden çetleşdirilmegini goldamandy.

Şeýle-de, 2004-nji ýylda Mihail Saakaşwili GDA ýurtlarynyň sammitinde öz debýutyny Daşkendi garalamakdan başlap, biz özbek däl-ä diýip, Özbegistany ýaňsydypdy diýip, Gürjüstanyň GDA döwletleri boýunça öňki ilçisi Zurab Honelidze aýdýar. Onuň sözlerine görä, GDA döwletleriniň döwlet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki metbugat mejlisinde prezident Kerimow hem Saakaşiwiliniň sözüni bozup, “Ol entek ýaş, özüniň nirede oturanyny bilmeýär” diýip, jogap beripdir.

Şu wakadan 5 ýyl geçensoň, prezident Kerimowdyr Saakaşwiliniň arasynda ýakynlygyň nähili peýda bolandygyny aýtmak kyn.
XS
SM
MD
LG