Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda ýarylan bomba NATO maşynlaryny otlady


Ýekşenbe güni giçlik Pakistanyň Çaman şäherinde partlan bomba NATO-nyň ýük maşynlarynyň birnäçesine ot berdi. Ol maşynlar NATO-nyň Owganystandaky esgerlerine ýük alyp barýardy.

Ýerli polisiýanyň başlygynyň aýtmagyna görä, bomba NATO maşynlaryna ýangyç getirýän tankeriň aşagyna berkidilipdir. Sardar Hasan Musakel bu işiň jogapkärçiligini hiç kimiň öz üstüne almandygyny aýtdy.

Çaman nebit-gaza baý Bulujystan welaýatynyň esasy şäherleriniň biridir. Bu welaýat Eýran hem Owganystan bilen araçäkleşýär.
XS
SM
MD
LG