Sepleriň elýeterliligi

Polýak howa tomaşasynda iki pilot öldi


Düýn Polşada bolan howa tomaşasynda Belarusyň howa güýçleriniň iki piloty wepat boldy.

Su-27 söweş uçary howada akrobatiki maşklary erine etirýärkä heläkçilige uçrady. Polisiýanyň sözçüsi bu hadysanyň Warşawadan 100 km töweregi uzaklykdaky Radom şäherinde bolandygyny, pilotlaryň uçardan böküp, aman galmagy başarmandyklaryny aýtdy.

Polşanyň telekanallary ullakan uçaryň howa maşklaryny edip, gonjak ýaly aşaklap gaýdyşyny we soň gözden ýitip, hatara agaçlaryň aňyrsynda partlaýşyny görkezdi.
XS
SM
MD
LG