Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad: “Yragyň durnuklylygy Siriýanyň bähbidine!”


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Yrakda durnuklylyga çagyrdy. Döwlet eýeçiligindäki SANA habarlar gullugy Assadyň “Yrakda durnuklylygy we howpsuzlygy gazanmak üçin ol ýerde milli ýaraşygyň gazanylmalydygy” barada gürrüň edendigini ýazdy. Ol bu gürrüňi Ýewropa Bileleşiginiň sapardaky daşary syýasat ýolbaşçysy Hawier Solana bilen duşuşyk mahalynda edipdir.

Yrak bilen Siriýanyň arasy Bagdat Damasky terrorçylary penalamakda aýyplandan soň ýaramazlaşdy. Yrak güman edilýänleriň özüne berilmegini talap etse, Damask Bagdatdan subutnama sorady. Şondan soň taraplar öz degişli ilçilerini yzyna çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG