Sepleriň elýeterliligi

Ýapon oppozisiýasy saýlawlarda öňe saýlanýar


Ýapon oppozisiýasy ýurduň parlament saýlawlarynda saldamly ýeňiş gazanjaga meňzeýär.

Demokratik partiýanyň ýeňşi Liberal demokratik partiýanyň 50 ýyldan gowrak üznüksiz dowam eden ýolbaşçylygyny soňlar. Ses berişlik gutaran badyna metbugatda geçrilen pikir soraşlyklar Demokratik partiýanyň parlamentiň aşaky öýündäki 480 ornuň 300-den gowragyny eýelejegini çaklamaga esas berýär.

Saýlawçylaryň köpüsi Ýaponiýanyň ykdysady çökgünligini we işsizligiň görülmedik derejede ösmegini Liberal demokratik partiýadan görýär.
XS
SM
MD
LG